DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasynyň oba hojalyk ministrleriniň mejlisi geçiriler

Şu ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Gazagystanda Türki Döwletleriň Guramasynyň oba hojalyk ministrleriniň mejlisi geçiriler.  Bu barada Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Aýbek Smadiýarow habar berdi.

– 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Taraz şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza hem-de synçy döwletleriň oba hojalyk ministrleriniň 3-nji mejlisi geçiriler. Şeýle hem onuň çäklerinde türki döwletleriň agrar forumy guralar – diýip, daşary syýasat edarasynyň resmi wekili belledi.

Onuň bellemegine görä, bu çärelere guramanyň agza hem-de synçy döwletleriň oba hojalyk ministrleri, şeýle hem gyzyklanma bildirýän işewürler düzümleriniň wekilleri gatnaşar.

Mejlisiň jemleri boýunça ministrler Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň arasynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça bilelikdäki beýanaty kabul ederler.

Türki Döwletleriň Guramasyna Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan agzadyr. Şeýle hem Türkmenistan we Wengriýa synçy döwletlerdir.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri