DÜNÝÄ

Türk aşhana hepdeligi badalga aldy: Aşgabatda çäreler guraldy

Türkiýe Respublikasynda her ýylyň 21-27-nji maýy aralygynda “Türk aşhanasynyň hepdeligi” ady bilen türk tagamlaryny giňden wagyz etmek üçin dürli çäreler guralýar. Şeýle çäreler hem ýurduň çäginde hem-de daşary ýurtlardaky Türkiýäniň diplomatik wekilhanalarynda geçirilýär.

Üstümizdäki ýylda hem “Türk aşhanasynyň hepdeliginiň” çäklerinde Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan çäre guraldy. Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokyň gurnamagynda geçirilen çärä paýtagtymyz Aşgabatdaky daşary ýurtlaryň ilçileri, ýerli we daşary ýurtly habarçylar hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Bu çärä “Ata Watan Media” topary hem çagyryldy.

Ilçi Ahmet Demirok öz çykyşynda “Türk aşhanasy hepdeligi” çäreleriniň üçünji ýyl geçirilýändigini belläp, onuň Türkiýäniň baý gastronomiýa medeniýetini dünýäde giňden wagyz etmäge mümkinçilik berýändigini belledi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy hanym Emine Ärdoganyň başlangyjy bilen ýola goýlan “Türk aşhanasy hepdeligi” çäreleriniň tutuş dünýäde giň gyzyklanma döredendigini we türk tagamlaryny giňden beýan eden kitabyň çap edilendigini aýtdy.

Türk aşhanasynyň baý biodürlüligi, ýokary hilli tebigy önümleri hem-de dürli görnüşdäki taýýarlamak tehnologiýalary arkaly sagdyn we deňagramly iýmitlenmäge kömek edýändigini belläp geçen Türkiýäniň ilçisi 2024-nji ýylda bu hepdeligiň çäklerinde Türkiýäniň Egeý deňziniň kenaryndaky sebitiniň tagamlarynyň tanyşdyrylmagyna ähmiýet berlendigini belledi.

Ilçi Egeý sebitiniň aşhanasy otlardan, gök önümlerden, balyklardan, deňiz önümlerinden we ýerli öndürilen zeýtun ýagyndan taýýarlanan tagamly naharlary bilen meşhurdygyny belläp, 2010-njy ýylda ÝUNESKO tarapyndan Ortaýer deňziniň berhiziniň adamzadyň maddy däl medeni mirasy hökmünde ykrar edilendigini belläp, myhmanlary Egeý sebitiniň mahsus taýýarlanan dürli tagamlardan dadyp görmäge çagyrdy.

Çärede myhmanlara Egeý sebitiniň tagamlary, zeýtun we peýnir, tarhana çorbasy,  dürli görnüşli Egeý işdäaçarlary, ysmanakly gözleme ýaly tagamlar hödür edildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri