SPORT

Tuhel “Çelsiniň” tälimçisi boldy

Golaýda Angliýanyň “Çelsi” topary özüniň tälimçisi Frenk Lempardy wezipesinden boşadypdy. Şol döwürde-de ozal Fransiýanyň “PSŽ” toparyna tälim beren Tomas Tuheliň “Çelsiniň” täze tälimçisi boljakdygy aýdylýardy. Ol hem başa bardy.

“Çelsi” toparynyň beren beýanatyna görä, 47 ýaşyndaky nemes tälimçisi Tuhel bilen 1,5 ýyllyk şertnama baglaşyldy. London şäheriniň futbol toparynyň ýolbaşçy düzümi soňky döwürde toparyň gazanýan üstünliklerinden hoşal bolman, Frenk Lempardy wezipesinden boşadypdy.

Tejribeli tälimçi Tomas Tuhel tälimçilik ýolunda Germaniýanyň “Augsburg II”, “Mainz 05”, “Borussiýa Dortmund” ýaly toparlaryna tälim berdi. 2018-nji ýylda Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň tälimçiligine bellendi.

Tuheliň ýolbaşçylygynda “PSŽ” topary iki gezek Fransiýanyň çempiony, bir gezekden Fransiýanyň kubogyny we Liganyň kubogyny gazandy. Geçen ýyl bolsa, ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykmagy başarypdy. Fransuz topary  golaýda Tuheli wezipesinden boşadyp, onuň ýerine Maurisio Poçettino bilen şertnama baglaşypdy.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder