2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň 18-nji Sammitiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýan wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işleri ministri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa we BMG-niň Baş Sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň Başlygy N.German dagylar hem çykyş etdiler.
Brifingde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GH-niň Sammitiniň münberinden ýaňlanan maksatnamalaýyn çykyşynyň esasy başlangyçlary bilen tanyşdyrdy.
Türkmenistanyň syýasy beýannamasynda dünýädäki häzirki ýagdaýlara baha berildi we şu günki günde global gün tertibinde duran derwaýys meseleleriň ençemesiniň çözgüdine gönükdirilen möhüm başlangyçlar beýan edilendir.
Goşulyşmazlyk Hereketiniň Baku Sammiti häzirki zaman dünýäde Goşulyşmazlyk Hereketiniň ornuna we ähmiýetine jikme-jik nazar salmaga, häzirki talaplaryň hem-de umuman halkara hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin ösüş mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berendigi aýratyn nygtalyp geçildi. Çünki forumyň şygary hökmünde “Bandung ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki dünýäniň wehimlerine bilelikde we talabalaýyk jogap berilmeginiň üpjün edilmeginiň” saýlanylyp alynmagy ýöne ýerden däldir.
Ministr adamyň binýatlyk hukuklarynyň, BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlarynyň we ýörelgeleriniň hormatlanylmagyny, ähli halklaryň özbaşdaklygynyň we çäk bitewiliginiň hormatlanylmagyny, özara gyzyklanmalaryň we hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegini, adalatlylygyň we halkara borçnamalarynyň hormatlanylmagyny, ähli halkara dawalarynyň BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda parahatçylyk serişdeleri bilen kadalaşdyrylmagy ýaly esaslyk ýörelgeleriň we beýleki birnäçe ugurlaryň garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny düzendigini aýratyn nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň agza-döwletleriniň 73-niň awtordaşlygynda Türkmenistanyň 2021-nji ýylyň – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde ykrar edilmegi baradaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylmagynyň aýratyn ähmiýetliligi nygtalyp geçildi.
Brifingde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow 2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza-ýurtlarynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtyna gurnalan iş saparyna aýratyn ähmiýet berdi.
Onuň işine Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza-ýurtlarynyň, gözegçi-ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mundan başga-da, döwletleriň birnäçesi bu Sammite hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşdylar.
Bu mazmunda ministr
Goşulyşmazlyk Hereketiniň Baku Sammitine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşandygy bellenilip geçildi. Döwlet Baştutanymyz bu Forumda maksatnamalaýyn çykyş etdi, onda dünýädäki häzirki ýagdaýlara baha berildi we şu günki günde global gün tertibinde duran derwaýys meseleleriň ençemesiniň çözgüdine gönükdirilen möhüm başlangyçlar beýan edilendir.
Nobatdaky ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde Türkmen lideri döwletleriň parahatçylykda ýaşamagy, terrorçylyga garşy göreşmek, bosgunlaryň meseleleriniň çözülmegi, azyk howpsuzlygyny gazanmak, ekologiki taýdan abadançylyk ýaly durnukly global ösüşiniň möhüm ugurary boýunça oňyn başlangyçlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň öz çykyşynda beýan edişi ýaly, «Biziň döwletlerimiz ösüp gelýän ýurtlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň tarapdarlary bolup, garaýyşlaryny özara ylalaşyp, bilelikde çykyş etmelidir. Halkara ykdysady gatnaşyklarynda adalatyň we deňhukuklylygyň tarapynda durmalydyr. Hukuklaryň kemsidilmegine, dünýä söwdasynda hiç bir esassyz, köplenç ýagdaýlarda bolsa, emeli taýdan päsgelçilik döredilmegine garşy çykmalydyr. Halklaryň we döwletleriň ykdysady berkararlygynyň ykrar edilmegi ugrunda tagalla etmelidir. Biz şu ýagdaýlaryň şeýle bolmalydygyna ynanýarys».
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy şeýle-de brifinge gatnaşyjylara 21-23-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan iş sapary barada habar berdi. Saparyň çäklerinde türkmen-ýapon işewürlik maslahaty we ýokary derejedäki birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň saldamly bukjasyna gol çekildi.
Türkmenistanyň Daşary işleri ministri şonuň ýaly-da 2019-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň paýtagtyna resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri doktor Mahathir Mohammedyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilendigi barada hem habar berdi.
“Bu ýerde, hazarýaka döwletleriň biriniň paýtagtynda bolmak bilen, men Hazar deňzini, onuň ekologiýasyny, deňsiz-taýsyz biologik köpdürliligini gorap saklamagyň bütindünýä ähmiýetini bellemän geçip bilmeýärin. Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda biziň ýurdumyz Hazar deňziniň baý tebigy serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmek boýunça tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. Biz bu mesele boýunça giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak barada başlangyç bilen çykyş etmekçi bolýarys we Goşulyşmazlyk hereketiniň bizi hemmetaraplaýyn goldajakdygyna ynanýarys.”