SPORT

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çempionatynda (MLS) çempion bolan düzüminde dünýäniň ýyldyzy Lionel Messi bolan “Inter Maýami” toparyny Ak Tamda kabul etdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “Inter Maýami” toparynyň hüjümçisi Lionel Messiniň, wagtynda Nýu-Ýorkuň “Kosmos” toparynda oýnan Braziliýanyň ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Peleden has gowudygyny mälim etdi. Tramp bu barada MLS kubogyndaky ýeňşi mynasybetli “Inter Maýami” bilen Ak Tamda geçirilen duşuşykda aýtdy.

“Oglum şu gün maňa şeýle sowal berdi: ‘Kaka, Ak Tama kimiň gelýändiginden habaryň barmy?’ Men bolsa: ‘Ýok. Meniň işlerim başymdan agdyk’ diýdim. Ol: ‘Messi!’ diýdi. Ol seniň uly janköýeriň, seni uly şahsyýet hasaplaýar. Geleniň üçin sag bol.

Meniň oglum futbolyň uly janköýeri. Ol Messiniň we Ronaldo atly jenabyň uly muşdagy. Iki sany uly çempion, beýik türgenler. Öz edýän işini söýýän adamlar.” – diýip, Tramp belledi.

Mälim bolşy ýaly, mundan ozal Donald Tramp Ak Tamda portugal ýyldyz Kristiano Ronaldo bilen hem duşuşypdy.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi