BIZNES

TOPH taslamasy üstünlikli durmuşa geçilýär

Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň owgan böleginde «Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekmek dabarasy geçirildi. Ähtnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Şäher ösdüriş we ýer serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.Karzaý, türkmen tarapyndan «TAPI Pipeline Company Ltd.» paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde «Türkmengaz» Döwlet konserninden wekil M.Amanow dagylar gol çekdi. Duşuşyga şonuň ýaly-da OYR-nyň Magdan we nebit önümler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.H.Çahansuri hem gatnaşdy diýlip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda aýdylýar.

TOPH Gaz geçiriji taslamasynyň ähmiýeti

«Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň sebitiň ýurtlary we tutuş dünýä üçin energiýa howpsuzlygyny hem-de zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegi nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedigini nygtamak zerurdyr. Bu geljegi uly taslama OYR-nyň üsti bilen energiýa serişdeleriniň Günorta Aziýa ýurtlarynyň bazarlaryna eksport edilmegine ähmiýetli mümkinçilikleri döredýär. Bu taslama şol bir wagtyň özünde goňşy Owganystanyň dünýäniň durnuklylyk ulgamyna hemmetaraplaýyn sazlaşykly integrirlenmegine gönükdirilendir diýlip şol habarda aýdylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder