Tokioda dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda tennis ýaryşynda hem çekeleşikli duşuşyklar dowam edýär. Russiýaly türgen Karen Haçanowdan soňra germaniýaly tennisçi Aleksandr Zwerew hem finala çykmagy başardy.
German türgeni häzirki wagtda tennis sportunyň naýbaşy türgenleriniň biri bolan serbiýaly Nowak Jokowiçi ýeňdi. Tokio Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda “Uly tuwulga” ýaryşlaryndan ýeňiş gazanyp, Olimpiýa çempiony bolmak üçin gelen Nowak Jokowiçiň maksady başa barmady. Ol germaniýaly tennisçi Zwerewi birinji döwde 6:1 hasabynda utdy, ýöne 2-nji we üçünji döwlerlerde 6:3 hem-de 6:1 hasabynda utulyp, finala çykyp bilmedi.
Şeýlelikde, Jokowiçe “Altyn tuwulga” adyna eýe bolmak başartmady. “Altyn tuwulga” ady bir ýylyň dowamynda tennisde ähli ýaryşlary gazanan türgene berilýär. Jokowiç 2021-nji ýylda geçirilen 3 sany “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ýeňiş gazandy. 4-nji uly ýaryşy bolan Tokio Olimpiýa oýunlarynda bolsa şowsuzlyga uçrady.
Häzirki wagta çenli “Altyn tuwulga” adyna eýe bolan ýeke-täk tennisçi bar. Ol hem german tennisçi Şteffi Grafdyr. Ol bu üstünlige 1988-nji ýylda ýetipdi.
Rus türgen Karen Haçanow bilen germen türgeni Aleksandr Zwerewiň arasynda final duşuşygy 1-nji awgustda geçiriler.
Türkmenistandan Russiýa: 3 günde 2 ýörite uçar gatnawy