SPORT

Tokio-2020: Hytaýly türgenler rekordlar bilen barýar

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika ýaryşynda rekordlar gazanylýar. 73 kilogram agramda erkekleriň arasynda geçirilen ýayrşda Hytaýyň agyr atletikaçysy Şi Çžiýen altyn medal gazanmak bilen bir hatrda 3 sany olimpiýa rekordyny hem goýmagy başardy.

Hytaýly türgen birbada götermekde 166, itekläp götermekde 198 kg, umumylykda-da 364 kilogram agramy göterip ýokary netijeler gazandy. Bu ýaryşda wenesuelaly Hulio Ruben Maýora 346 kg bilen kümüş. albaniýaly Birken Kalýa 341 kg bilen bürünç medaly gazandy.

3×3 BASKEBOTL ÝARYŞY TAMAMLANDY

Şeýle hem düýn 3×3 basketbol ýaryşy hem tamamlandy. Russiýanyň ýygyndylary erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda finala çykmagy başaryp, hemmeleri haýran galdyrypdy. Emma olara altyn medal gazanmak başartmady.

Zenanlarda altyn medlay ABŞ-nyň ýygyndysy, erkeklerde bolsa Latwiýanyň ýygyndysy gazandy.

MEDAL ÝARYŞYNDA HYTAÝ ÖŇDE

Medallaryň sanawynda Hytaý öňe geçdi. Bu ýagdaý yzygidelri üýtgäp dur. Soňky maglumata görä, Hytaýyň türgenleri 14 altyn, 6 kümüş we 9 bürünç, jemi 29 medal bilen birinji orunda, ABŞ-nyň ýygyndysy 13 altyn, 13 kümüş we 10 bürünç, jemi 36 medal bilen ikinji, ýer eýeleri Ýaponiýa bolsa 13 altyn, 4 kümüş we 5 bürünç, jemi 22 medal bilen üçünji orny eýeleýär.

 

 

Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri her birimiziň durmuşymyza uly ýeňillikleri eçilýär

 

Ýene-de okaň

Gruzin futbolçy “PSŽ” toparyna geçdi

Tükrmenistan bilen Portugaliýa futbol hyzmatdaşlygyny ösdürer

Gruzin futbolçy “PSŽ” toparyna geçer

Ata Watan Eserleri

Ronaldo saud topary bilen şertnamasyny uzaldar

Türkmenistan we Belgiýanyň futbol wekilleriniň onlaýn duşuşygy

Ispaniýanyň naýbaşysy – “Barselona”

Ata Watan Eserleri