SPORT

Tokio-2020: Efiopiýa Tokiodaky ilkinji altyn medalyny gazandy

Efiopiýaly Selemon Barega 10 müň metr aralyga ylgamakda Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalynyň eýesi boldy. Ol bu aralygy 27 minut 43,22 sekuntda geçmegi başardy. Bu Efiopiýanyň ilkinji medaly boldy.

Bu ugurdaky ýaryşda ikinji orny ugandaly Joşua Çeptegui, üçünji orny bolsa ýene-de ugandaly Jeýkob Kiplimo eýeledi.

Barega 2019-njy ýylda dünýä çempionatynda 5000 metr aralykda kümüş medal gazanypdy.

Efiopiýa 2008-nji ýylda sportuň bu ugry boýunça Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanypdy.

 

Tokio-2020: Ýaponiýanyň “altyn” rekordy

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi