SPORT

Tokio-2020: Azerbaýjan Tokiodaky ilkinji medalyny gazandy

Tokioda geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda Azerbarjan Respublikasy hem özüniň ilkinji medalyny gazandy. Olimpiýa oýunlarynyň 7-nji gününde geçirilen dzýudo ýaryşynda azerbaýjanly türgen bürünç medaly gazandy. Bu medal Azerbaýjanyň Tokio Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji gazanan medaly boldy.

Azerbaýjanly dzýudoçy zenan Irina Kinderskaýa 78 kilogram agramda çykyş edip, öz ýurduna ilkinji medalyny gazandyrdy. Ol bürünç medal ugrundaky ýaryşda hytaýly Şian Ksýuny ýeňmegi başardy.

Bu ugurda alyyn medaly ýaponiýaly türgen Akira Sone gazandy. Ol final tutluşygynda kubaly Idalis Ortisi ýeňmegi başardy.

Häzirki wagtda umumy medallaryň sanawynda Hytaýda öňde barýar. Aşakdaky tablisada öňdebaryjy 5 ýurduň medallaryň sanyny görmek bolar.

ÝURDY ALTYN KÜMÜŞ BÜRÜNÇ JEMI
1 Hytaý 18 9 11 38
2 Ýaponiýa 16 4 7 27
3 ABŞ 14 16 11 41
4 Russiýa 10 13 10 33
5 Awstraliýa 9 2 11 22

 

 

Tokio-2020: Jokowiçiň umydy puja çykdy

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi