SIZDEN GELENLER

Terbiýe — bagtyýarlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, hünär taýdan kämil, watansöýüji, ilhalar ýaşlary terbiýelemäge uly üns berilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bilim bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak nurana geljegimiz hasaplanylýan ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim-sowat almagyny üpjün edýär. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesli terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, tebigata, daşky gurşawa aýawlylyk, jogapkärçilik ýaşlarda irki döwürlerden kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çagalyk döwründe alnan päk terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginiň hem-de doly derejede, döredijilikli durmuşynyň pugta binýady bolup durýar. Ýaş nesli kitap okamaga höweslendirmek bilim bermegiň aýratyn usuly bolup, terbiýeçilik ähmiýetlidir.

Ýaş nesilleri kiçilikden sagdyn durmuş ýörelgesine höweslendirmek, olary watansöýüjilik, milli däp-dessurlara, ýokary ahlak ýörelgelerine, ene topragymyza we halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek ýaly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bagtyýar geljek üçin derwaýysdyr. Şahsyýetiň jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmagy we giň dünýägaraýşa eýe bolmagy onuň zähmetsöýerlik hyjuwyna baglydyr. Bu babatda Gündogaryň nusgawy akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň: «Ulalanda iş hoş gelmez// Ýaşlykda köýmän ýigide» diýen setirlerini ýatlamak ýerliklidir.

Nesillerde päk zähmete söýgi döretmek üçin durmuşda her bir üstünlige zähmet bilen ýetilýändigi, arassa, halal, jemgyýete peýdaly işler bilen meşgullanmagyň bagtyýar durmuşy üpjün edýändigi baradaky düşünjäni olaryň aňyna guýmak zerur. Türkmen ýaşlarynyň üstünligi täze taryhy döwürde uly ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň, ähli halkymyzyň üstünligidir. Ýaşlaryň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişip, özleriniň bilimini, hünär ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine bagyş etmekleri mukaddes borçdur.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar» diýmek bilen, Watanymyzyň röwşen geljegini ýaşlarda görýär. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, olaryň okuw kitaplary, gollanmalary, görkezme esbaplary, ýokary derejede taýýarlykly mugallymlar, terbiýeçiler bilen üpjünçiligi kämilleşdirilýär. Mugallymlaryň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem bilim ulgamyndaky öňdebaryjy halkara tejribe ýurdumyzyň bilim edaralaryna işjeň ornaşdyrylýar. Ýaşlarymyzyň Ýer ýüzüniň maglumat giňişliginden erkin peýdalanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Ýaş nesliň bilim almaga bolan hyjuw-höwesini, işjeňligini, jogapkärçiligini artdyrýan çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Mekdep okuwçylarynyň dünýägaraýşynyň we gözýetiminiň giňelmegine täsir edýän okuwdan daşary çäreleriň işlenip düzülmegine, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegine hem uly ähmiýet berilýär.

Edep her bir halkyň asyrlaryň dowamynda toplap kämilleşdiren, nesillerden nesillere geçirip gelýän ahlak kadalarynyň, gylyk häsiýet düzgünleriniň jemidir.  Şol gylyk häsiýetleri, ahlak düzgünleri özleşdirmegiň başaran her bir adamyň özüni alyp barşy öz halkyna laýyk gelýär. Türkmen halkynyň edep kadalary türkmen nesli üçin nusgadyr, görüm-göreldedir, ýol-ýörelgedir. Türkmen halky öz perzentleriniň bagtyýar, has kämil bolmagyny isläp, nesilleriň aňyna edep-kadalaryny guýmagyň dürli ýollaryny agtarypdyrlar.

Türkmen edebiýaty türkmen halkynyň edep kadalaryny nesillerden nesillere geçirmegiň iň kämil mekdebidir. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemek işinde halk döredijilik eserlerimiziň, dessandyr, şadessanlarymyzyň ähmiýeti uludyr. Edebi mirasymyzda watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, edermenlik, zähmetsöýerlik ýaly ruhy dünýämiziň iň naýbaşy gymmatlyklary jemlenendir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi milli terbiýäniň gözbaşydyr. Magtymgulynyň halk paýhasyndan kemal tapan döredijiligi ýaş nesliň pederlerimiziň ruhy ýörelgelerine wepaly bolup ýetişmekleri üçin parasatly öwüt-ündewleri özünde jemleýär.

Pederlerimiz wepaly, edep-ekramly, asylly, çeper elli, işeňňir gyz perzent, şeýle hem arly-namysly, edermen, gaýduwsyz, merdi-merdana ogul terbiýelemegiň görelde mekdebini miras goýupdyrlar.

Ata-enäniň ýagşy göreldesi ogul perzent üçin-de, gyz perzent üçin-de esasy edep mekdebi bolupdyr. Türkmen halkynda «Ulusy bolmadygyň, kiçisi bolmaz» diýen nakyl hem bar. Bu nakylyň manysy ýaş nesliň uludan görelde alyp, edepli-terbiýeli bolup ýetişýändigini aňladýar. Sebäbi çaga ýaşlykdan ululara seredip, şolardan görelde alýar. Eger maşgalada uly ýaşlylar edepli-terbiýeli adamlar bolsa, şol ojakda ýetişen çagalar hem edepli, kämil adamlar bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýmek bilen, eziz çagalarymyza ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna laýyklykda garamalydygyny belleýär.

Goý, agzybir halkymyz, aýratynam, ösüp gelýän ýaş nesillerimiz hakynda uly aladalary edýän, ylym-bilim ulgamynda ösüşleriň gazanylmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, beýik işleri has-da rowaç alsyn!

Jemile Kulyýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika