SIZDEN GELENLER

Telekeçilik Barada Aýdylanlardan

  1. Özüne ynamsyz adam şüpheli garaşýarka, telekeçi batyrgaý hereketi bilen gazanýandyr. Amerikan psihology Henry C. Link
  2. Telekeçilik- bu täzelenmek üçin ruhumyzyň, akylymyzyň hem-de bedenimiziň gaýratly bolmagydyr. Fransuz biology Alexis Carrel
  3. Pikir edil ýangyç ýalydyr we ol hemme-de bar hem bolsa, ony motora guýup ýakyp biljek diňe telekeçidir. Kanadaly ýazyjy Herbert N. Casson
  4. Öz işiňi gurmak we dolandyrmak, başgalary üçin işlemekden has abraýlyrakdyr. Amerikan ýazyjysy H. L. Mencken
  5. Iş beriji hökmünde işgärlere zähmet hakyny töläp görmedik adam, entek kämil adam däldir. Amerikan ýazyjysy Ivan Shaffer
  6. Abraýly telekeçi bolmak üçin diňe bir iş wagtyňyzy däl, bütin ömrüňizi berip biljek kärhanany gurmalysyňyz. Amerikan ýazyjysy Warren Rodgers
  7. Telekeçiligiň esasy syry hiç kimiň bilmedigini bilmekdir. Grek işewüri Aristotle Onassis
  8. Öňdebaryjy bolmak her bir telekeçiniň adaty häsiýetidir… Ine diňe şol ýagdaýda gyt serişdeler bolçulyga öwrüler. Amerikan ykdysatçysy Peter F. Drucker
  9. Durmuşda öz aýaklarynda durup bilýänler: ukydan turan badyna isleýän şertlerini gözleýänler, tapmasalar özleri döredenlerdir. Irlandiýaly syýasatçy George Bernard Shaw
  10. Eger telekeçilik ösýän bolsa, bolçulyk ykdysadyýeti güllär, emma telekeçilik bolmasa bolçulyk ykdysadyýeti gurap, ýok bolar. Iňlis ykdysatçysy John Maynard Keynes
  11. Telekeçi gysgaça aýdanyňda kynçylyklary we pursatlary tapawutlandyryp, ikisini hem öz bähbidine öwrüp bilýän adamdyr. Amerikan işewüri Victor Kiam
  12. Bir adam derrew ýola rowana bolar, emma iki adamyň ýola çykmagy uzaga çeker, sebäbi bir-birine garaşmaly bolarlar. Amerikan ýazyjysy Henry David Thoreau
  13. Maksada okgunly telekeçilik üçin meýilleşdirenleriň hemmesi gazanylynça goýulmaly däldir. Iňlis ýazyjysy William Shakespeare
  14. Kiçi hem bolsa öz işini guraýanlaryň sany artdygyça döwletimiz has ynamly öser. Iň hyjuwly watandaşlar, öz bähbidini Watanynyň ösüşinde gözleýänlerdir. Amerikan syýasatçysy John Hancock
  15. Telekeçiniň ilkinji başdan geçirmeleri belki girdejiniň deregine tejribe gazandyrar, bu bolsa çaganyň süýt dişleriniň gopmagy ýalydyr, ýerine has berk dişleriň çykmagy wagt alar. Amerikan ýazyjysy Jackson Brown
  16. Başgalary dükan açar ýaly ilki özüň bir dükan aç. Iňlis nakyly
  17. Telekeçiniň täzelikçi hem-de ruhy deňagramlylygy: höwesjeňlik, sabyrlylyk, durnuklylyk, kararlylyk, öňdebaryjylyk, satyjylyk, pikirleniş we hyzmatdaşlykdyr. Amerikan işewüri Deaver Brown
  18. Kiçi kärhanalarda islendik bir işgäriň ýerlikli pikiri täze önümi döreder. Uly kärhanada şol pikir aýlarça dowam eden ýygnaklaryň içinde ýitip gider. Amerikan marketology Al Ries
  19. Telekeçi rugsat almagyň deregine bagyşlamagy saýlap alýandyr. Amerikan ýazyjysy Joe Mancuso

 

Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika