BIZNES

Telekeçilere Germaniýada okamak mümkinçiligi

Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Yk­dy­sa­dy­ýet we ener­ge­ti­ka fe­de­ral mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de, ýur­du­my­zyň do­lan­dy­ryş iş­gär­le­ri­niň hü­nä­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça okuw çä­re­le­ri­niň 2021-nji ýyl­da­ky tap­gy­ry­na gat­naş­jak, döw­le­te da­hyl­syz ta­rap­la­ryň ara­syn­dan da­laş­gär­le­ri se­çip al­mak üçin söh­bet­deş­li­gi yg­lan ed­ýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Söhbetdeşlik 2021-nji ýylyň 21-23-nji apreli aralygynda geçirilýär. Okuwa diň­leýjiler söhbetdeşlik esasynda kabul edilýär.

Türkmen hem-de german telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen meýilnamalary taýýarlan dalaşgärlere 2021-nji ýylyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we 2022-nji ýylda Germaniýa Federatiw Respublikasynda bir hepdelik tejribe geçmek (dünýäde dörän ýagdaý zerarly girizilen çäklendirmeler aýrylan ýagdaýynda) mümkinçiligi döredilýär. Dalaşgärler nemes, iň­lis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.

Söhbetdeşlige gatnaşmaga isleg bildirýänler 2021-nji ýylyň 16-njy apreline çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

  1. Ýokary bilimli bolmaly;
  2. Telekeçi ýuridik şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat ş. we welaýatlar);
  3. Dalaşgäriň azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly. Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tmsaýtyndan görüp bilersi­ňiz!

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: (99312) 39-43-55; (99312) 39-45-72.

 

Sambo boýunça Aziýa çempionaty Daşkentde geçiriler

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 38.9 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi

Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Türkmenistana geler

Türkmenistan halkara maliýe guramalaryň goldawy bilen üç gäminiň gurluşygyna tender yglan etdi