BIZNES

Telekeçiler birža söwdalaryna gatnaşmazdan eksport edip biler

Döwlet  eýeçiligine degişli bolmadyk ýuridik şahslar we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar – hususy telekeçiler bellenen kada laýyklykda harytlary eksport etmek bilen bagly şertnamalary birža söwdalaryna gatnaşyp ýa-da gatnaşmazdan baglaşylyp bilerler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çeken Kararynda bellenilýär.

Ýurdumyzda eksporta gönükdirilen harytlary öndürýän hususy kärhanalary we telekeçileri höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we harytlarymyzyň daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem eksport edijilere goldaw bermek arkaly eksportuň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistana getirilende we onuň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän hem-de gümrük paçlary bellenýän harytlaryň sanawyny we gümrük paçlarynyň möçberlerini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýulynda çykaran 9925-nji kararynyň 2-nji, 3-nji we 4-nji goşundylaryndaky sanawlara girizilmedik, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň – hususy telekeçileriň we fiziki şahslaryň el goşundan başga, Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gidýän harytlary üçin, şeýle harytlaryň gümrük bahasynyň ýüzden 2 bölegi möçberde bellenen gümrük pajyny 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýatyrmak bellenildi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk ýuridik şahslaryň we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň – hususy telekeçileriň öz öndüren harytlaryny we önümlerini, şeýle hem döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk ýuridik şahslardan we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslardan—hususy telekeçilerden, ilatdan satyn alan harytlaryny (çig malyny) eksport etmegi bilen bagly şertnamalar eksport edijiniň islegine görä, birža söwdalaryna gatnaşyp ýa-da gatnaşmazdan baglaşylyp bilner.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna, Döwlet haryt-çig mal biržasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Phrasal verbs ýa-da Durnukly Söz düzümleri

Awazada dynç almak ýa-da tomusky dynç alyş döwri

Ýene-de okaň

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri