SIZDEN GELENLER

Tehnologiýalar merkezinde maslahat geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ýaş alymlaryň öňünde duran maksatlar we wezipeler” atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş eden ylym-bilim pudagynyň işgärleri eden çykyşlarynda gadam basan täze döwrümizde ýaş alymlaryň öňünde duran maksatlar we wezipeler beýan edildi.

Maslahatyň dowamynda Tehnologiýalar merkezinde ylmy sergi hem guraldy. Sergide ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ylym strategiýasy we talyp ýaşlaryň gazanan üstünlikleri hem-de täze ylmy işleri görkezildi. Sergide Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň talyby Ýolaman Mämmedowyň “Ippoterapiýa sagaldyş merkezini döretmegiň ähmiýeti we onuň hukuk esaslary: milli we halkara tejribe” atly ylmy bilen baglanyşykly hödürlän maketi sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Maslahatyň soňunda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize ýurdumyzda ylym pudagyny ösdürmek üçin alyp barýan işlerine hoşallyk bildirdiler we Ýüzlenme kabul etdiler.

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

USB fleş diskiniň taryhy maglumatlary

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri