BILIM

Tehnologiýalar merkezi: döwlet we hususy hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde dürli ugurlarda ylmy işler alnyp barylýar. 2014-nji açylan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi – sebitde ýeke-täk köpugurly ylmy-barlag we ylmy-tehnologiki edara bolmak bilen, bäsleşige ukyply, maddy we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary we innowasiýalary işläp taýýarlamak we önümçilige ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen ylmy ulgamda özara gatnaşyklary berkitmek meseleleri bilen meşgullanýar.

Tehnologiýalar merkezi iň soňky döwrebap ylmy-tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen. Merkez 10 sany ylmy barlaghanalaryndan, 3 sany bölümlerden ybarat bolup bio-, nano-, maglumat tehnologiýalary boýunça özara baglanyşykly barlaglaryň, şeýle hem maddalaryň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, biomateriallary, uglewodorod çig malyny molekulýar derejesinde seljermek bilen bagly ylmy-barlag işleriniň toplumyny amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi – attestasiýalaşdyrylylan we ýakyn geljekde akkreditasiýalaşdyrmak üçin degişli işler geçirilýär.

Merkezi barlaghana

Barlaghana ýurdumyzyň kärhanalarynyň, guramalarynyň talap edýän islendik ylmy barlaglaryny geçirmäge we önümçiligiň çylşyrymly amaly meselelerini çözmäge ukyply ylmy meýdança hökmünde çykyş edýär.

Barlaghananyň iň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy islendik nano-, bio-, fiziki-himiki, mikroskopiki barlaglary geçirmäge mümkinçilik döredýär.

Barlaghana Ýaponiýanyň “Jeol” kompaniýasynyň electron mikroskoplary, ABŞ-nyň “Agilent Technology” kompaniýasynyň dürli maddalarda molekulýar, atom, himiki element derejesinde barlaglary geçirmek üçin niýetlenen gaz we suwuklyk hromatograflarynyň iň täze görnüşleri, antioksidantlaryň seljermesini, tebigy gazyň we nebitiň düzümini derňemäge niýetlenen we beýleki enjamlar bilen üpjün edilendir.

Hromato-mass-spektrometr ulgamy özüniň düzümine girýän kompýuter enjamlarynyň we ýörite programmalaryň kömegi bilen çylşyrymly erginleriň, birleşmeleriň düzümindäki münlerçeden gowrak (pestisidler, zäherli maddalar, organiki hem-de elementorganiki birleşmeler, himikatlar, derman serişdeleri, neşe serişdeleri hem-de adam aňyna zeper ýetiriji birleşmeler) maddalary, himiki elementleri awtomatik usulda anyklamaga we ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Barlaghanadaky ýokary netijeli Agilent HPLC 1290 suwuklyk hromatograf enjamy himiýada, biologiýada, biohimiýada, saglygy goraýyş pudagynda, biotehnologiýa ulgamynda iň möhüm himiki barlaglary geçirmek üçin niýetlenendir.

Bu hromatograf aminokislotalary, beloklary, fermentleri, nuklein kislotalary, uglewodlary, lipidleri, gormonlary bölüp aýyrmaga we arassalamaga, janly organizmlerdäki metaboliki hadysalary öwrenmäge, himiki we nebithimiýa sinteziň önümleriniň, boýaglaryň, ýangyçlaryň, ýaglaryň, nebitiň, hapa suwlaryň düzüminiň seljermesini geçirmäge mümkinçilik berýär.

  • ýokary temperatura we mehaniki güýçlere durnukly polioksadiazol (POD) polimeriniň görnüşlerini sintezlemek;
  • ion hromatografiýa usuly bilen suwuň organiki däl ionlaryny derňemek;
  • rentgengurluşly usuly bilen düýp çökündileriň mineralogiki barlaglaryny geçirmek;
  • topragyň himiki düzüminiň, uglewodorod mukdarynyň barlaglary;
  • efir ýaglaryň barlaglary;
  • ýag kislotalaryň barlaglary;
  • nebitde suwuň mukdaryny anyklamak;
  • nebitiň mehaniki garyndylaryň mukdar barlaglary;
  • duzlaryň we minerallaryň termograwimetrik barlaglary;
  • pestisit barlaglary;
  • spirtiň barlaglary;
  • senagat we Jemagat ýaşaýyş maksatlary üçin ýakylýan tebigy gazlaryň (metan, etan, propan,butan) himiki barlaglary;
  • nebiti gaýtadan işleýän kärhanalar üçin fraksiýa düzümini anyklamak;
  • benzin fraksiýa uglewodorod düzümini anyklamak;
  • ligroin fraksiýa uglewodorod düzümini anyklamak;
  • kerosin fraksiýa uglewodorod düzümini anyklamak we ş.m.

 Nanotehnologiýa barlaghanasy

Barlaghana ýokary hilli elektron-zond mikroskop, raman spektrometr, nanobölejikleri, uglerod nanotrubkalary, nanogatlaklary, polimerleri we nanokompozitleri sintezlemek üçin dürli enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Barlaghanada maddalarda atom we molekula derejesinde fiziki-himiki barlaglary geçirmek, daşky gurşawy goramak, lukmançylyk, biologiýa, oba hojalyk pudagy, himiýa senagaty üçin niýetlenen nanomateriallary öndürmek boýunça ylmy-barlag işleri alyp barmaga niýetlenendir. Şol sanda:

  • lazer ablýasiýa usulynda altyn (Au), titan (Ti) we mis (Cu) metallarynyň nanobölejiklerini almagyň tehnologiýasy boýunça işleri alyp barmak;
  • taýýarlanylan titan (Ti) metalynyň nanobölejikleriniň ölçegleri JSM-7500F Skanirleýji elektron mikroskopda (Jeol) barlamak. Titanyň nanobölejikleriniň (50÷100)nm aralygyndaky ölçegleri kesgitlemek;
  • ultramelewşe we infragyzyl aralykda spektrofotometr barlaglary (suwuklykda) geçirmek;
  • uglerod nanoturbalary taýýarlamak, çig mal hökmünde satmak hem-de dürli materiallaryň hilini gowulandyrmakda ulanmak;
  • gaty gurluşly nusgalaryň mikroskop barlaglary;
  • ýerli çig mallardan uglerod nanoturbalaryny almak usulary işläp taýýarlamak;
  • dürli metallaryň suwuklykda nanobölejiklerini almak;
  • suwuk nusgalaryň toplumlaýyn barlaglary. Suwuk nusgalaryň turşulygyny (pH), geçirjiligini, udel agramyny, dykyzlygyny, suwuklykdaky bölejikleriň hereketini, zeta potensialy anyklamak, ýagtylyk geçirijilik, siňdirijilik häsiýetlerini öwrenmek;
  • ýuka gatlaklary çaýmak;
  • sürtülme koefissiýentiniň barlagy;
  • profilometr barlaglary;
  • antibakterial häsiýetli gymmat baha metallaryň nanobölejiklerini almak;
  • önümleriň struktura häsiýetnamasynyň mikroskop barlaglary.

 Biotehnologiýalar barlaghanasy

Barlaghana ösümlikleriň we haýwanlaryň öýjüklerini, biologiki makromolekulalary, DNK, RNK, beloklary, mikroorganizmleri, olaryň önümçilikde ulanylyşyny derňemek, biotehnologiýanyň usullary bilen oba hojalygynyň, azyk senagatynyň meselelerini çözmek üçin niýetlenendir.

Şweýsariýanyň Roche kompaniýasynyň Light Cycler 480 II polimeraza zynjyr reaksiýasy üçin enjamy, Ýaponiýanyň Hitachi kompaniýasynyň 3500 Genetic analyzer enjamlary gen derejesinde barlaglary geçirmäge hem-de DNK-nyň böleklerini okamaga, sekwinirlemek usuly bilen bolsa, DNK-daky nukleotidleriň ilkinji yzygiderliligini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

ABŞ-nyň BioRad kompaniýasynyň kese elektroforez enjamy DNK-nyň, RNK-nyň, beloklaryň molekulasyny öwrenmäge, Ýaponiýanyň Hitachi kompaniýasynyň Applied Biosystems enjamy DNK-daky nuklein kislotalarynyň yzygiderligini we ondaky dörän mutasiýalary anyklamaga, Gene Amp. PCR System 9700 enjam bolsa, DNK-nyň käbir bölekleriniň nusgalaryny köpeltmäge, Germaniýanyň Siemens kompaniýasynyň ADVIA Centaur СP enjamy immunohimiki barlaglary awtomatiki usulda geçirmäge mümkinçilik berýär.

Barlaghanada genetiki şikesleri hem-de genleriň ekspressiýasyny, DNK-nyň metilirlenmegini, ösümlikleriň, haýwanlaryň seçgisindäki genetiki üýtgeşmeleri, genetiki modifisirlenen önümleri öwrenip bolýar.

Barlaghananyň düzüminde özbaşdak hereket edýän we ösümliklerde hem-de haýwanlarda dürli tejribeleri geçirmäge niýetlenen wiwarium hem-de ýyladyşhana bardyr.

Barlaghananyň çäklerinde şu ugurlar boýunça işläp bolýar:

  • malacocarpus crithmifolius, Atropa komorovi, mandrogora turcomanica, salvia selarea ýaly dermanlyk ösümliklerini “in vitro” we “in vivo” usulynda köpeltmek;
  • türkmen arçasynyň pürlerinden hem-de miwesinden efir ýagy almak;
  • stewiýanyň baldagyndan, ýapragyndan, türkmen arçasynyň baldagyndan, adaty ýandakdan kallus gögertmek we adaty ýandakdan bolsa ӧsümlik almak;
  • gowaçanyň tohum çigidiniň daşyna ders oramak işi ýerine ýetirmek;
  • gowaçanyň tohum çigidini takyk ekişe taýýarlamagyň biologiki usulyny önümçilige ornaşdyrmak boýunça “Biznes plan” we Gollanma taýýarlamak;
  • ösümlikleriň we haýwanlaryň öýjüklerini, biologik makromolekulalary, DNK-ny, RNK-ny, beloklary öwrenmek, olary saglygy goraýşa, oba hojalygyna we azyk senagatyna degişli meseleleri çözmek üçin önümçilikde peýdalanmak;
  • bugdaý sortlarynyň tohumlaryndan DNK ekstraksiýasy amala aşyrmak;
  • DNK ekstraksiýasy, Real-Time Polimerazaly Zynjyr Reaksiýasy, DNK-gel elektroforezi ýaly usullar arkaly 35S, NOS, Bar, FMV ýaly genler boýunça GMO genleriniň barlagyny geçirmek;
  • ösümlikleriň, tohumlaryň, ösümliklerden alynýan dürli iýmit önümleriniň GMO barlaglaryny geçirmek;
  • Türkmenistanyň çäklerinde oba hojalyk mallarynyň öýken sowuklama we ýokanç kesellerine (ektima, ownuk mallaryň gyrgyn keseli, agsyl, bogumça, ýokanç däl sowuklama we ş.m.) garşy täze derman serişdesi işläp düzmek;
  • ösümlikleriň biotehnologiýasy we gowaçanyň seleksiýasy boýunça işleri alnyp barmak;
  • toprak nusgalarynyň duzlylygynyň, mikrobiologik we mikologik barlagy;
  • topragyň hasylyna baha bermek (toprak barlaglary);
  • oba hojalyk ekinleriniň sort arassalagyny barlamak (dnk identifikasiýasy);
  • “iýilýän şampinon (agaricus lisporus) kömelegiň  miselisini (tohumyny) ösdürmek;
  • çörek we çorek önümleriň barlaglary (çyglylygy, ýagy, protein, mikrobiologik arassalygy, kaloriýallygy);
  • däneli ösümlikleriň dänesiniň barlaglary: arpa, bugdaý, mäş, nohut, noýba, künji, gowaça çigidi;
  • mallaryň ot-iýmlik önümleriniň barlaglary;
  • ösümlik nusgalaryndan efir ýaglaryny bölüp almak;
  • matanyň mikrobiologik barlaglary (mikrobiologik arassalygy);
  • antiseptiki serişdeleriň mikrobiologiki işjeňliginiň barlaglary;
  • klinikadan öňki barlaglar;
  • ösümlileriň fitopotologik barlagy (kömelek ýada bakterial keselini anyklamak);
  • seýilgӓhleri we dürli gök zolaklary ösümlikler bilen baýlaşdyrmakda maslahat bermek gülçülik we çeperçilik bezeg (dizaýn) işlerini geçirmek.

Maglumatlar we aragatnaşyk tehnologiýalary barlaghanasy

Barlaghanada ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin gerek bolan kompýuter programmalary, önümçiligi awtomatlaşdyrmagyň täze usullary işlenip taýýarlamak üçin niýetlenendir.

Barlaghananyň esasy ugurlary:

  • döwrebap neýrotor tehnologiýasyna esaslanyp, kärhanalaryň girdejilerini çaklaýan we öz-özüni kämilleşdirmek häsiýetine eýe bolan kompýuter programmasyny işläp düzmek;
  • bir ugurdan beýleki ugurlary aralykda täze ulag ýollaryny göz önünde tutup, amatly ugury saýlap almak meselesini ulgamlaýyn seljermek, meseläniň matematiki modelini döretmek we Matlab programmalar toplumynda onuň programmasyny ýazmak;
  • kiçi göwrümli harytlary ýakyn aralyklara paýlamakda iň gysga uzynlykly halkalaýyn ýoly gurmak meselesi üçin Matlab programmalar toplumynda programma ýazmak;
  • kompýuter, android platformalarynyň programma üpjünçiliklerini düzüp bermek;
  • kompýuter programmalaryny işläp düzmek;
  • kompýuter serwis hyzmatlary;
  • kompýuterleri arabaglanşdyrmak (tor çekmek);
  • kitaplary elektron görnüşlere geçirip bermek (word, pdf, jpeg);
  • IT kiber howpsuzlyk boýunça okuw geçmek;
  • “Sanly mekdep” ýöriteleşdirilen kompýuterleriň programma üpjünçiligi ýerine ýetirmek.

 Täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýalary barlaghanasy

Barlahganada ýöriteleşdirilen reaktorlar, mikroskoplar, spectral elektrohimiki ölçeýji enjamlar, nebit we nebit önümleriniň analizatorlary bilen üpjün edilendir.

Barlaghananyň esasy maksady ýerli çig mallaryň, organiki hem-de organiki däl, polimer we kompozit materiallaryň, taýýar senagat önümleriniň fiziki-himiki häsiýetlerini anyklamak, şeýle-de saglygy goraýyş, oba hojalyk senagaty, himiýa, nebithimiýa, gurluşyk pudaklarynda giňden peýdalanylýan ýerli serişdeleri ulanmak arkaly täze önümleri sintezlemek we olaryň önümçilik tehnologiýalaryny işläp düzmekden ybarat bolup durýar. Garagum çägesinden kremniý maddasyny almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarlamak işleri hem ýerine ýetirýär.

Şweýsariýanyň Mettler Toledo kompaniýasynyň Optimax 1001 we EasyMax reaktorlary kompýuterde ýörite düzülen meýilnamanyň esasynda himiki reaksiýalary awtomatik usulda ýerine ýetirmäge we reaksiýanyň geçişiniň iň amatlysyny saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Barlaghananyň çäklerinde şu ugurlar boýunça işleri ýerine ýetirip bolýar:

  • nebit we nebit önümleriniň fiziki-himiki derňewleri:
  • motor ýaglarynyň barlaglary;
  • nebit bitumynyň barlaglary;
  • çalgy ýaglarynyň damja damyş temperaturasyny kesgitlemek;
  • bitumlaryň duktilligini (süýnijiligini) kesgitlemek;
  • bitumyň markasyny (penetratsiýasyny) anyklamak;
  • nebit bitumynyň halka we şar boýunça ýumşama temperaturasyny kesgitlemek;
  • tehniki ýaglaryň deşiji güýjenmesini ölçemek;
  • motor ýaglarynyň dykyzlygyny hem–de şepbeşikligini kesitlemek;
  • nusganyň döwülme görkezijisini kesgitlemek;
  • toprak we suw nusgalarynyň himiki düzüminiň barlaglary;
  • dag we toprak jynslaryny ownatma hem-de un görnüşine getirmek;
  • kwarsly we üwelen çägäniň granulametrik derňewi;
  • nahar duzynyň himiki düzüminiň  barlaglary;
  • suwuk ýaglaryň  barlaglaryny geçirmek;
  • sintetik ýuwujy serişdeleriniň granulometriki düzüminiň barlagy.

Barlaghanada alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, şol sanda saglygy goraýyşda, oba hojalykda, himiýa we nebithimiýa senagatlarynda, şeýle-de gurluşyk pudaklarynda ulanylar.

 Daşky durşawy goramagyň tehnologiýalary barlaghanasy

Barlaghanada topragy, suwy, howany arassa saklamagyň we dürli zyýanly maddalardan arassalamagyň usullaryny öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri, hem-de ekologik ýagdaýyň gowulandyrylmagy üçin zerur bolan çäreleri işläp taýýarlamak bolup durýar.

Barlaghana elektroforez ulgamlary, köpugurly analizatorlar, spektrofotometrler, daşky gurşawdaky bakteriýalary we wiruslary anyklamak üçin niýetlenen gurallar toplumy, mikroskoplar, dürli görnüşli toprak, suw, howa analizatorlary bilen üpjün edilendir.

ABŞ-nyň Campbell Scientific kompaniýasynyň howadaky turbulent akymlary ölçemäge niýetlenen CPEC 200 enjamy bir wagtyň özünde howanyň üç ölçegdäki tizligini, onuň düzümindäki kömürturşy gazyň we suw buglarynyň mukdaryny ölçemäge mümkinçilik berýär.

Barlaghanada esasy alyp barýan işleri:

  • “Altyn asyr” Türkmen kölüniň we onuň şor suw akabalarynyň ýanaşyk ýerleriniň suwunyň, topragynyň himiki görkezijileri, hlorofilleriň konsentrasiýasy, fitoplanktonlaryň görnüş düzümi kesgitlemek;
  • kölüň gidrohimiýasynyň fitoplanktonlara täsirini anyklamak;
  • kosmosdan alnan sanly suratlar esasynda Hazar deňziniň suwunyň, topragynyň himiki görkezijilerini, hlorofilleriň konsentrasiýasyny, fitoplanktonlaryň görnüş düzümini kesgitlemek;
  • biogen maddalaryň mukdarynyň fitoplanktonlaryň önümliligine täsirni anyklamak;
  • howanyň barlaglary (kömürturşy gaz we suw buglaryň mukdaryny ölçemek);
  • howanyň monitoringini geçirmek;
  • daşky gurşawdaky bakteriýalary we wiruslary anyklamak;
  • suwuň gidrohimiki barlaglary;
  • topragyň himiki, mehaniki barlaglary;
  • metal splawlaryň barlaglary;
  • oba hojalyk boýunça gollanmalar we maslahatlar hyzmatlaryny ýerine ýetirmek.

Derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasy

Barlaghanada dürli ýerli çig mallardan, ösümliklerden, minerallardan täze tehnologiýalaryň esasynda derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary taýýarlanylar.

Barlaghana biohimiki analizatorlar, dürli mikroskoplar, spektrometrler, organiki birleşmeleri we dermanlyk serişdeleri öndürmek üçin niýetlenen hem-de beýleki enjamlar bilen üpjün edilen.

Barlaghananyň çäklerinde şu ugurlar boýunça işler ýerine ýetirilýär:

  • in vitro usulynda we tebigy şertlerde ösdürilen dermanlyk ösümlikleriň, ýagny hulpanyň, göýüliň, türkmen selmeleginiň, çerbiýäniň fitohimiýa seljermelerini geçirmek, ýadro-magnit rezonans (NMR) spektroskopiýa enjamynda ýerli ösümlik bolan göýüliň miwesiniň we köküniň gurluş derňewleri geçirip biologiki işjeň maddanyň tebigaty anyklamak we gepatoprotektor we süýji diabetini bejeriji täsirleri üçin daşary ýurtlarda giňden öwrenilýän kapparin A we B alkaloidleriniň ýerli göýül ösümliginiň düzüminiň barlaglaryny geçirmek;
  • ýerli dermanlyk ösümligi bolan Alapakyryň (Silybum marianum) düzüminden bagryň işini goraýjy serişde hökmünde ulanylýan silimarin flawonolignan kompleksini, Göýüliň (Capparis herbacea) düzüminden antioksidant häsiýetli rutin flawonoidini, Dälijemäşiň (Vicia villosa) düzüminden damarlary berkidiji täsirli diosmin, gyzyl sogandan kwersetin, pyrtykalyň düzüminden gesperidin flawonoidlerini, pyrtykalyň efir ýagynyň esasy komponenti bolan limonen maddasyny bölüp alyndy we olaryň fiziki-himiki barlaglary geçirmek;
  • dag narpyzynyň we ýowşanyň efir ýaglarynyň inkapsulirlenen görnüşlerini taýýarlamak, düýe süýdüniň liofilizirlenen görnüşini taýýarlamak ýaly kosmetika, parfýumeriýa maksatlary üçin bähbitli bolup biljek ylmy-barlaglary geçirmek mümkinçiligi bar;
  • dermanlyk ösümlikleriň dürli tradision we häzirki zaman ýokary tehnologiýalara esaslanýan ekstraksiýasy we dermanlyk ösümliklerden ýokary tehnologiýa önümlerini taýýarlamak;
  • bioişjeň maddalary dermanlyk ösümlikleriň düzüminden bölüp almak, alnan bioişjeň maddalaryň hil we mukdar barlaglary;
  • fitohimiki barlaglar, antioksidant işjeňligini we askorbin turşusynyň mukdaryny kesgitlemek;
  • spektrofotometriýa we ýuka-gatlakly hromatografiýa;
  • polýarimetriýa, refraktometriýa, kolorimetriýa, titrimetriýa;
  • guş ýeleginden keratin almak;
  • barlaghanada pileden fibroin we serisin bioişjeň maddalaryny almak;
  • burçdan oleorezin almak;
  • dürli miwe önümlerden losýon almak;
  • dürli miwe önümleriň tozuny almak;
  • miwe önümleri barlaghana şertlerinde Liofilizasiýa usulynda guratmak;
  • stewiýadan diterpen glikozidleriniň goýy ekstraktyny almak;
  • toprakdan organiki kislotlaryny almak üçin barlaghana synaglaryny geçirip bermek;
  • ýandagyň gury ekstraktynyň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalaşdyryjy resminamalaryny taýýarlamak.

Iýmit tehnologiýalary barlaghanasy

Barlaghanada iýmit önümleriniň hili, energetiki gymmatlygy, olary gaýtadan işlemegiň tehnologiýalary, uzak wagtlap saklamagyň tehnologiýalary, genetiki modifisirlenen önümler we olaryň ekologiki howpsuzlygy öwrenilýär.

Barlaghanada aminokislota analizatory, elektroforez ulgamy, azyk önümlerindäki bakteriýalary we wiruslary anyklamak üçin niýetlenen enjamlar toplumy, genetiki taýdan modifisirlenen önümleri barlaýan enjamlar bilen üpjün edilen.

Barlaghananyň çäklerinde şu ugurlar boýunça işler ýerine ýetirilýär:

  • ter we gaýtadan işlenilýän iýmit önümleriniň hil barlaglaryny geçirmek we olary saklamagyň tehnologiýalaryny işläp düzmek;
  • azyk önümlerindäki bakteriýalary we wiruslary anyklamak;
  • pomidory gaýtadan işlemegiň tehniologiýasyny kämilleşdirmek;
  • et we et önumleriniň barlaglary;
  • gaýtadan işlenen (konserwirlenen) miwe-gök we bakja önumleriniň barlaglary;
  • guşlar üçin ulanylýan suwuň weterinar-sanitar (mikrobiologiýa we fizika-himiýa) barlaglary;
  • topragy gurplandyrmagyň tehnologiýasyny işläp düzümek;
  • ösümlikleriň turşulygyny, süýjüliligini, kleýkowina­sy­ny, ýapraklaryndaky hlorofi­li­niň sanyny kesgitlemek;
  • ýüpek gurçugy üçin tut ýapragynyň konserwasiýa­sy­nyň tehnologiýasyny işläp düzümek;
  • hlorly natriýnyň agram paýyny kesgitlemek.

Geografiki maglumat ulgamlary barlaghanasy

Barlaghana ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin GIS ulgamyny ulanmagyň usulyýetini işläp taýýarlamak, tebigy baýlyklary we serişdeleri tygşytly we rejeli peýdalanmak, ulag we aragatnaşyk ulgamynda nawigasiýany peýdalanmagyň usullaryny işläp taýýarlamak üçin niýetlenendir. Barlaghana kuwwatly kompýuterler, plotter, skaner bilen üpjün edilendir.

Barlaghanada esasy ýerine ýetirilýan işleriň ugurlary:

  • orta asyrlaryň gadymy siwilizasiýalaryna degişli arheologik ýadygärlikleriň ýerleşýän ýerleriniň geografiki koordinatalary anyklamak, tematiki kartalary wektorlaşdyryldy we döredilen atributiw maglumatlarynyň formalaryny doldurmak;
  • geografik maglumat ulgamlaryny we internet kartografiýany ulanmak arkaly ýadygärlikleriň interaktiw kartasyny taýýarlamak;
  • awtoulag ulgamynyň nawigasion kartografiki üpjünçiligini taýýarlamagyň amatly usulyýeti işläp düzmek;
  • Türkmenistanyň çägindäki ugurlar boýunça awtoulag nawigasion kartasyny taýýarlamak we ykjam enjamlardaky nawigasion ulgama ornaşdyrmak;
  • nawigasion ulgamynyň programma üpjünçiligi we ses görkezmeleri türkmen diline geçirmek;
  • taýýarlanylan nawigasion kartany nawigatorda (planşet we mobil görnüşi) işleýişini barlamak;
  • geografik maglumat ulgamlaryny ulanyp sebitleriniň ösümlik örtüginiň tematiki sanly elektron kartalaryny döretmegiň usulyýeti işläp düzmek hem-de ot-iýmlik ösümlikleriň häsiýetleri boýunça kiçi şahly mallara we düýelere ulanmaga ýaramly öri meýdanlary kesgitlemäge, NDVI indeksini ulanyp ot-iýmlik ösümlikleriň iýmlik mukdaryny, mallaryň sanyny kesgitlemäge mümkinçilik berýän sanly kartalaryň toplumyny işläp düzmek.

Oba hojalyk üçin berlen ýer bölekleriniň häzirki zaman ýagdaýynyň aşakdaky sanawda görkezilýän kartalaryň deslapky görnüşlerini taýýarlamak işlerini hem ýerine ýetirýär:

  • relýefiň plastikasy;
  • topragyň çüýrüntgisiniň ýagdaýynyň kartasy;
  • toprakdaky fosfor ýagdaýynyň kartasy;
  • toprakdaky kaliý ýagdaýynyň kartasy;
  • topragyň bonitirowkasynyň kartasy;
  • topragyň şorlulygynyň kartasy.

Topragyň bonitirowkasyny geçirmegiň Türkmenistanda ulanylýan usulyýetinden peýdalanylyp, ýer bölekleriniň ykdysady bahasynyň we topragyň bonitetiniň kartasyny, ýer serişdeleriniň rejeli peýdalanmak boýunça teklipleri işläp taýýarlanylýär.

Toplanylan maglumatlaryň we olaryň esasynda döredilen toprakdaky fosforuň we kaliniň mukdaryny görkezýän kartalar taýýarlanyp, ekmeli ýerleriniň topragynyň häzirki wagtdaky düzümini anyklanyp biliner. Toplanylan maglumatlaryň üstünde derňew işleri geçirip biliner. Ekmeli ýerleriň topragyna gerek bolan fosforuň we kaliniň mukdary boýunça teklipler taýýarlanyp biliner.

Bu ýerden netijeli peýdalanylsa halk hojalygyny meýilleşdirmekde, oba hojalyk önümçiligini ýöriteleşdirmekde we ýerleşdirmekde, ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmakda hem-de ýeri ulanmak boýunça beýleki çärelerinde hyzmat edip biler.

Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň tehnologiýalary barlaghanasy

Barlaghanada dürli görnüşli energiýa çeşmelerinden energiýany almagyň, ulanmagyň we tygşytlamagyň tehnologiýalary öwrenilýär.

Barlaghananyň işi energiýa we ýangyç gorlaryny tygşytly sarp etmek hem-de netijeli ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmekden, energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň tehnologiýalaryny işlenip taýýarlanmakdan hem-de olary durmuşa ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Ylmy-barlag işleriniň netijeleri energetika pudagyny kämilleşdirmek, serişdeleri tygşytly ulanmak, onuň bäsleşik ukybyny ýokarlandyrmak, zyýanly gazlaryň atmosfera zyňylmagyny çäklendirmek, ýangyjyň sarp edilişini azaltmak boýunça teklipleri taýýarlanmakda ulanylar.

Barlaghana ýylylygy we basyşy ölçeýji hem-de sazlaýjy köpugurly synag stendleri, günüň radiasiýasyny, howanyň temperaturasyny, daşky gurşawyň çyglylygyny, ultramelewşe şöhleleri, öwüsýän ýeliň ugruny we tizligini anyklaýjy meteorologik enjamlaryň toplumy bilen doly üpjün edilendir.

Barlaghanada alnyp barylýan işler:

  • ýylylygy we basyşy ölçeýji hem-de sazlaýjy köpugurly synag stendlerinde barlag geçirmek;
  • manometrler döwurleýin barlaglaryny geçirmek;
  • ýerli çig mallardan we materiallardan durmuş binalaryň, “Rahat” ýaşaýyş jaýlaryň diwarlarynyň we ýylylyk geçiriji turbalaryň ýylylyk ýitgisini hem-de olarda döreýän ýaramaz tehniki sesi azaltmaga niýetlenen, täze gurluşyk önümleri bolan öýjükli kerpiç we ýörite turba örtgüleriniň tehnologiýalaryny almak mümkinçiligi bar;

Taslama-konstruktorcylyk we tejribe desgalary gurnaýyş abatlaýyş bölümi

Bölümde dürli görnüşlerdäki işleri bitirýän döwrebap ýokary tehnologiýalarynyň stanoklary ornaşdyrylan. Stanoklar awtomatlaşdyrylan programma üpjinçiligi arkaly dolandyrylýar. Bölümiň ussahanasynda  CNC tokarnyý, frezernyý, plazmaly kislorodly kesiji enjam, siňkleme we nikelleme ulgamy, swerlilnyý, diskaly kesiji, gural ýonujy, tekiz ýylmaýjy stanoklar, gidrawliki gilýotina gaýçylar, demir listleri hem-de turbalary egreldýän enjamlar, köp dürli kebşirleme aparatlar, şol sanda hem plastik kebşirleme, boýag sepiji gural, wodorod we kislorod generatorlary, köp görnüşli balgarkalar, dreller ýerleşdirilen.

Agzalan enjamlaryň we gurallaryň kömegi bilen aşakda görkezilen işleri ýerine ýetirmäge doly mümkinçilikler bar. Ýagny:

  • dürli görnüşlerdäki metallary baglaýyş, kesiş, deşiji, ýonujy, burawlaýjy, ýylmaýjy, ýiteleýji, kebşirleýji işleri;
  • taýyn önümlere görk bermek üçin boýag sepiş, boýagdan soň guratmak işleri;
  • hem metalakonstruksiýalaryň gerek bolan dürli görnüşlerini ýasamak we beýleki ussahana hyzmatlary.

Çaphana bölümi

Bölümde Germaniýanyň Heidelberg kompaniýasynyň doly awtomatlaşdyrylan we kompýuterleşdirilen häzirki zaman çaphana enjamlary hem-de bäş reňkli ofset kagyz printeri, gysyjy, kesiji we tikiji enjamlaryň kömegi bilen çaphana hyzmatlaryny ýerine ýetirmek (kitaplar; žurnallar we beýlekiler çap etmek) boýunça işler alnyp barylýar.

Tehnologiýalar merkeziniň Tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bölümi

Bölümiň esasy wezipesi ylymda gazanylan netijeleri we oýlap tapyşlary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmak boýunça işler alyp barmak, alymlaryň ylmy-barlaglarynyň netijelerini hem-de çözgütlerini, döreden ýokary tehnologiýalaryny, taslamalaryny satmak, innowasion işewürligi ösdürmek bolup durýar.

Şeýle-de, döwlet we hususy kärhanalaryň sargytlary boýunça ykdysady we kadalaşdyryjy resminamalary, tehniki-ykdysady esaslandyrmalary, biznes-planlary işläp taýýralamak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek.

Tehnologiýalar merkeziň ähli barlaghanalary we bölümleri ýurdumuzyň ykdysady pudaklary, dürli görnüşli kärhanalary we edaralary, telekeçileri bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe taýýar we açyk.

Salgysy:744032 Aşgabat ş., Bekrewe ýaşaýyş toplumy, 2211 (Bekrewe) köçe, 180 jaý.

Tel: (+99312) 39-84-42/ 39-84-47/39-84-69,

 Fax +99312 39-84-88

E-mail: technocenter.tm@mail.ru

Web: https://scitech.gov.tm

 

Hytaýda 1 milliarddan gowrak adam sanjym edildi

Ýene-de okaň

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy

Ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolarlar

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Petronas” kompaniýasy bilen ähtnama gol çekdi

Türkmenistan we “Huawei”: sanly ulgam üçin hünärmenler taýýarlanar

Britan uniwersitetileri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýar