Pandalary we olaryň ýaşaýyş şertlerini öwrenmeklik XIX asyrdan soň has-da meşhurlyga eýe boldy. Kiçijik pandalar 1821-nji ýylda alymlar tarapyndan öwrenilip başlandy. Olaryň uly görnüşleri has soňrak, ýagny 1869-njy ýylda içgin öwrenildi.
Pandalar tebigatda tapylandan soň, olary içgin öwrenmeklige üns has-da güýçlendi, ýöne barlag – gözleg işleri iki asyra golaý dowam edip gelýän hem bolsa, olar baradaky täsin maglumatlar entäk syr bolup galýar.
Alymlar özleriniň geçiren genetiki barlaglarynyň netijesinde uly pandanyň aýydygyny anykladylar.
Pandalaryň esasy iýmiti bambukdyr. Olaryň öň aýagynda alty sany barmagy bardyr. Altynjy, başan barmagy pandalara bambuk şahalaryny tutmaga we saklamaga ýardam berýär.
Pandalaryň çagalary doglanda olaryň agramy bary-ýogy 140 gram bolýar, ýöne eýýäm 3 aýlyk ýaşyna ýetende agramy 4-6 kilograma ýetýär.
Tebigy gurşawda pandanyň ýaşaýyş-durmuşy üçin 7-11 inedördül kilometre çenli ýer gerek bolýar. Tebigy ýaşaýyşda pandanyň ömri 14 ýyldan 20 ýyla çenlidir. Haýwanat bagynda saklanýan pandalar bolsa 26 ýyla çenli ýaşap bilýär.
Pandalar bambukdan ýasalan gurluşy bolan giň we ýaprakly tokaýlarda ýaşaýarlar. Olar aýylara degişlidir, ýöne gara we ak reňkleri bilen beýleki aýylardan tapawutlanýar.
Erkek pandalaryň agramy 250 funt, ene pandalaryňky bolsa 220 funta golaýdyr. Tebigatda bir Panda günde 20-40 funt bambuk iýýär we ony gözlemek üçin günde 16 sagada çenli wagt sarp edýär. Pandalar dört ýaşdan sekiz ýaş aralygynda kämillik ýaşyna ýetýärler we olar 15-16 ýyl köpelip bilýärler. Pandalaryň göwrelilik döwri üç-dört aýdyr.
Uly pandalar häzirki wagtda Hytaýyň üç welaýatynda ýaşaýarlar. Dünýäde bary-ýogy 1600-e golaý panda ýaşaýar, şolaryň 980-e golaýy ätiýaçlyk gorundadyr.
Kemalberdi Hojamyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.