JEMGYÝET

Täze ýyla täze şygar bilen gadam basdyk

“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly tamamlandy. Täze ýyla, täze şygar bilen gadam basdyk. Täze ýylymyz, ýagny 2021-nji ýyl – «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edildi. Bu barada ýurdumyzyň Mejlisi degişli karar kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň geçirilmegini we iki palataly kanun çykaryjy edaranyň döredilmegini 2020-nji ýylyň möhüm syýasy wakasy hökmünde görkezmek bolar. Däp boýunça ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.

Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» Kararnamasynyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrmak hakynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjyny goldap hem-de ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, guramalaryndan, kärhanalaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlarymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar kabul edip, 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdi.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine iş sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekilini kabul etdi

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabatda saparda boldy

Tohumyňyz müňlesin, edermen pagtaçylar!

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Türkmenistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri