SIZDEN GELENLER

Täze sahna oýny

13-nji iýunda paýtagtymyzdaky Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talyplarynyň diplom işleri hökmünde rus ýazyjysy Aleksandr Nikolaýewiç Ostrowskiýniň “Tupan” atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy. Oňa paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, talyplar, mugallymlar hem-de döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýaş, sungata ýaňy gadam basan geljekki artistleriň sahnadaky hyjuwly hereketleri, keşpleri erjellik bilen täsirli ýerine ýetirmäge synanyşmaklary-olaryň kärleriniň hakyky ussatlary bolup ýetişjekdiklerine bolan garaýyşlary oýardy.

Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanowyň režissýorlyk etmeginde goýulan bu sahna oýnuna tomaşa etmäge gelenleriň her birinde ýakymly täsirleri galdyrdy.

Sahna oýny tamamlanandan soňra gyzgyn el çarpyşmalardyr, owadan güller sahnany aýratyn gözellige besledi.

Bägül Kakalyýewa,

TDM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz