BIZNES

Täze kanunlar kabul edildi

14-nji martda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi, onda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ol maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna halk hojalygynyň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli ähli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde, edaralarda we kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamy hem-de Internet web-saýtlary dörediler. Şeýle işleri hususy kärhanalar hem ýerine ýetirmeli bolarlar. Elektron resminamasy şertnamalary baglaşmak, hasaplary geçirmek, resmi we resmi däl hatlary alyşmak we beýleki maglumatlary bermek üçin ulanylyp bilner.

Soňra «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenildi. Deputatlar çykyş edip, daşky gurşawy goramak babatda esasy wezipelere ünsi çekdiler. Şol wezipeleriň esasysy ata Watanymyzyň tebigatynyň baýlygyny we gözelligini gorap saklamak, olary artdyrmak we geljekki nesillere ýetirmek bolup durýar.

Häzir nebitgaz pudagynda, elektroenergetika ulgamynda, himiýa senagatynda, ulag we beýleki pudaklarda ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Suw, ýer we biologiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak, bioköpdürlüligi we tebigy ýerleri aýawly saklamak, çölleşmä garşy göreşmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär.

Umumymilli bag ekmek maksatnamasynyň çäklerinde şäherleriň we ilatly nokatlaryň töwereginde giň tokaý zolaklary döredildi. Ilata, ozaly bilen, ýaşlara ekologiýa bilimini bermek bu işiň möhüm ugry bolup durýar.

Şeýle hem deputatlar «Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň birnäçesiniň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň gün tertibine girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýeti Stambulda geçirilýän «Halal EKSPO ─ 2024» atly sergisine gatnaşýar

Türkmenistan bilen «Visa» kompaniýasy 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmen-owgan duşuşygy: wagtlaýyn port gurlar

Türkmenistan Stambuldaky World Halal Summitine gatnaşar

Ata Watan Eserleri

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri