BILIM

Tatarystanda 7 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar

Tatarystanyň bilim we ylym ministriniň birinji orunbasary Andreý Pominow Kazan şäherinde geçirilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 9-njy mejlisinde eden çykyşynda Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň 30 göteriminiň Türkmenistanyň talyplarydygyny belledi.

– 1-nji iýuldaky maglumata görä, Türkmenistandan 7753 talyp bilim alýar. Bu örän gowy görkeziji. Täze okuw ýyly üçin kabul edişlik bilen bu görkeziji has-da artar – diýip, Andreý Pominow belledi.

Onuň bellemegine görä, Türkmenistandan gelen talyplaryň agramly bölegi Kazan federal uniwersitetinde bilim alýar. Tatarystanyň 43 sany ýokayr okuw mekdebinde 150 müň talyp bilim alýar, olaryň 22 müňe golaýy daşary ýurtly talyplardyr.

Şeýle hem Tatarystanyň käbir uniwersitetleri Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistan hem öz gezeginde “Innopolis” uniwersitetine 60 sany maglumat tehnologiýasy ugry boýunça hünärmeni hünärini ýokarlandyryş okuwyna iberer. Bu barada “Türkmenaargatnaşyk” agentliginiň başlygynyň orunbasary Nurmyrat Rejepow belledi.

Türkmen hünärmenleri kiberhowpsuzlyk, elektron hökümet ýaly ugurlarda öz hünärlerini kämilleşdirerler. Türkmenistan Tatarystan bilen kiberhowpsuzlygy babatda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Şeýle hem maglumat tehnologiýalary parklary boýunça hyzmatdaşlyk etmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary