Höwes güli, tebigatda 500-den gowrak görnüş bolan hyjuwly güller maşgalasyna degişli ösümlikleriň bir görnüşidir. Höwesli gül subtropiki we tropiki howa şertlerini gowy görýär; Amerikada, Peruda, Braziliýada, Awstraliýada, Aziýada ösýär.
Höwes gülleri hoşboý ysly, açyk reňkli we iri ýaprakly bolup, ýapraklaryň diametri 10 sm-e ýetýär.
Höwes güli ösümliginde witaminler, karotinoidler, flawonoidler demir, selen, kalsiý, magniý bardyr. Bişen miweler witaminlere, esasanam C witamine, süýüm we mineral duzlara baýdyr.
Ilkinji gezek höwes güli 1553-nji ýylda P. S. de Leon tarapyndan bu güle “granadilla” diýip atlandyrlypdyr, sözüň doly manysynda ownuk narlary aňladýar. Höwes gülüniň peýdaly häsiýetleri dürli-dürlidir. Ilki bilen adamlar bu ösümlik görnüşlerini iýmit üçin ulanypdyrlar. Ikinjiden, häzirki wagtda bu ösümligi bezeg maksatly giňden ulanylýar. Merkezi nerw ulgamyna köşeşdiriji, dem alyş tizligini ýokarlandyrýar hem-de nerw ulgamyny kadalaşdyrýar.
Ogulhajat JUMAGULYÝEWA,
TOHU-nyň mugallymy.