MEDENIÝET

Taryhy mekanyň gadymy pullary

Türkmenistanyň çäklerinde resmi taýdan hasaba alnan ilkinji pul hazynasy 1887-nji ýylda Merw oazisiniň Talhatanbaba obasynda ýap gazylýan wagtynda tapylypdyr. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, 1887-nji ýylda Murgap jülgesinde rus patyşasynyň 104 müň desýatina (1 desýatina — 1,09 ga) meýdany tutýan «Murgap patyşalyk mülki» döredilip, bu ýerde giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar. Murgap derýasynda täze suwaryş desgalary — Soltanbent, Hindiguş, Ýolöten bentleri, suw howdanlar ulgamy gurulýar. «Patyşalyk» diýlip atlandyrylan baş akaba — Soltanýapdan başlap, ululy-kiçili ýaplaryň 400-den gowragy çekilýär. Gürrü­ňi edilýän hazyna hem şol işler wagtynda tapylypdyr. Hazynanyň teň­ňeleriniň başdaky sany belli däl, ýöne olaryň 154 sanysy şol wagtky Zakaspiý oblastynyň naçalnigi general A.Komarowyň tabşyrygy boýunça Sankt-Peterburgdaky imperatoryň Arheologik komissiýasyna tabşyrylypdyr. Arheologik komissiýanyň kesgitlemesine görä, hazynanyň teň­ňeleri 40 hilli altyndan, 52,2 hilli kümüşden, ýagny altyn bilen kümşüň garyntgysyndan zikgelenipdir. Hazynanyň umumy bahasy şol wagtky 332 rubl 07 köpük möçberinde bellenipdir. Komissiýanyň kararyna laýyklykda, 154 teň­ňäniň 58 sanysy geljekde öwrenmek we saklamak üçin Imperator Ermitažyna tabşyrylyp, galan 96 sanysy eretmek üçin Sankt-Peterburgyň zikgehanasyna berilýär.

Arheologik komissiýanyň agzasy, belli gündogarşynas, alym-numizmat B.G.Tizengauzeniň kesgitlemesine görä, hazynanyň teň­ňeleriniň 50 sanysy Beýik Seljuklar döwletiniň hökümdarlary soltan Alp Arslanyň (1063 — 1072) adyndan Merw, Hyrat şäherlerinde, 4 sanysy soltan Mälik şanyň (1072 — 1092) adyndan Merw şäherinde (465- nji hijri (1072) ýylynda zikgelenipdir. Teň­ňeleriň ýüzünde Alp Arslan «Beýik soltan, şalaryň şasy, yslamyň patyşasy Alp Arslan», Mälik şa bolsa «Beýik soltan, şalaryň şasy, yslamyň sütüni (diregi)» diýlip atlandyrylypdyr. Hazynanyň düzümine Gaznaly döwletiniň hökümdarlary Jemal ad-Dowle Ferruhzadyň (1053 — 1059) 4 sany we Zahir ad-Dowle Ibrahimiň (1059 — 1099) teň­ňeleri-de goşulypdyr.

Hazynanyň iň giçki teň­ňeleri 465-nji hijri ýylynda, ýagny 1072-nji ýylda Merw şäherinde zikgelenipdir. Bu ýyl, taryhdan belli bolşy ýaly, soltan Alp Arslanyň wepat bolan we onuň ogly Mälik şanyň soltan tagtyna çykan ýylydyr.

Beýik Seljuk türkmen döwleti öz pul ulgamyny altyna esaslandyryp, soltan Togrul beg döwründe (1040 — 1063) altyn pullary örän köp mukdarda zikgeläpdir.

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy