Talyp-2024

Talyp-2024:Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk Akademiýasy

ABA  ANNAÝEW  ADYNDAKY  HALKARA   ATÇYLYK   AKADEMIÝASY
2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýun çatalyklyga kabul edýär:

  1. Hünär men maksatnamasy (býujet esasynda): 1. We terinariýa we zootehniýa (hünärler: atçylyk; weterinar lukman çylygy). II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda): 1. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugurlary: seýisçilik; weterinar we sanitar ekspertizasy). 2. Bedenterbiýe we sport (taýýarlygyň ugry: milli at üstündäki oýunlar). 3. Sahna sungatlary we edebi  döredijilik (taýýarlygyň ugry: sirk sungaty). 4. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda)). III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda): Bedenterbiýe we sport (taýýarlygyň ugry: atly sport we atly syýahatçylyk (okuwlar iňlisdilin- de alnyp barlar). Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taý ýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw)) deňdir. Akademiýa umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Arka dag şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygyn- da kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany foto surat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmi namanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.Bulardan başga-da, okuwagirmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkez ýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby we- killikden güwähatyny. Dalaşgär bäsleşik siz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademi ýa da (Arkadag şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Ahal welaýaty — iýul aýynyň 31i, awgust aýynyň 2-si we 4-i gün leri; Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýynyň 1-i, 3-i we 5-i gün leri; Mary welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 6-sy we 7-si günleri; Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 7-si we 8-i günleri; Lebap welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 11-i we 13-i günleri; Balkan welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 12-si we 13-i günleri. Giriş synaglary aşakdaky okuwdersleri boýunça geçirilýär: hünärler: atçylyk, weterinar lukmançylygy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy; taýýarlygyň ugurlary: seýisçilik, weterinar we sanitar ekspertizasy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy; taýýarlygyň ugurlary: atly sport we atly syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy; taýýarlygyň ugry: sirk sungaty — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türk men dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy; taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, buhgal terçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagt-da synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňkysynaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýyn- da, bäsleşik siz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan: — «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalan ýarlar.

 

 

Aba Annaýew adyndaky Halkara  atçylyk akademiýasynyň salgysy:

Arkadag ş., Aba   Annaýew şaýoly, 30, tel.: 572430.

Ýene-de okaň

Magistr-2024:Türkmen döwlet medeniýet instituty

Magistr-2024:Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Magistr-2024:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024