2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Hünärmen maksatnamasy:
1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär-ler: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (logistikada); kompýuter ulgamynyň prog-ramma üpjünçiligi; hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi).
2. Maglumat howpsuzlygy (hünärler: maglumat howpsuzlygy; telekommunikasiýa ulgamlary-nyň maglumat howpsuzlygy).
3. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgam-lary (hünärl er: aragatnaşyk torlary we kommuta-siýa ulgamlary; köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary; radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe; infokommunikasiýa tehnologiýa-lary; elektron howpsuzlyk ulgamlary; signallary ibermegiň, kabul etmegiň we gaýtadan işleme-giň radiotehniki serişdeleri; hereketli obýektler bilen aragatnaşyk serişdeleri).
4. Maşyngurluşyk (hünär: önümçiligiň we teh-nologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy).
5. Yerüsti ulaglaryň tehnikasy we tehnologiýalary (hünär: demir ýol ulagynda awtomatika, te-lemehanika we aragatnaşyk).
6. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: aw-tomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).
7. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: kärhana-nyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; logistika).
II. Bakalawr maksatnamasy:
1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýar-lygyň ugry: awtomatlaşdyrma we amaly infor-matika (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar)). Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türk-menistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherle-ri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly araly-gynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der-man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylary-nyň döwl et bäsleşiginiň ýeňij ileri, halkara bäsleşik-lere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary görkezi l en ýagdaýl ary tassykl aýan degiş l i resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarl ar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şa-hadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekil l ikden güwähatyny (asyl nusgasy).
Da l aşgär bäs l eşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan peýda l anýandygyny tassyklaýan beýl eki resminama l ary görkezip bi ler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Ahal welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 4-i we 6-sy günleri;
Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýy-nyň 2-3-i, 5-i we 7-8-i günleri;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 12-si we 14-i günleri;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 13-i we 15-i günleri;
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 18-i we 20-si günleri;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 17-si, 19-y we 21-i günleri.
Giriş synaglary ähli hünärler we taýýarlygyň ugurlary boýunça matematika, fizika, Türkmenis-tanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türk-menistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnama-larynyň esasynda, döw l et di l inde dilden geçirilýär.
Taýýarlygyň awtomatlaşdyrma we amaly in-formatika (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) ugry boýunça giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran da-laşgärler iňlis dili boýunça söhbetdeşlik geçýärler.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäp l ere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw ders l eriniň biri boýunça synagdan ge-çip bilmedikl er soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synag laryndan üstün likli geçen ýagdaýyn-da, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejel enen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 13, tel.: 49-35-86, 49-44-21