Talyp-2024

Talyp-2024: Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy:

1. Elektrik we ýylylyk energetikasy (hünärl er: elektroenergetiki ulgam-lar we torlar; ýylylyk elektrik stan-siýa lary; senagat desgalarynyň we tehno logik topl um laryň elektrohere-ketlendiri l işi hem-de awtomatikasy; elektroenergetika ulgaml arynyň rele goragy we awtomatikasy; elektrik üpjünçi ligi; gazturbina desgalary we dwigatelleri; adaty däl we gaý-tadan dikeldilýän energiýa çeşmele-ri; elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy; ýylylyk elektrik stansiýa larynda suwuň we ýangyjyň tehno logiýasy).

2. Maşyngurluşyk (hünärler: me-tallary işläp bejermegiň tehnolo-giýasy we maşynlary; elektrik we elektromehaniki enjamlaryň tehni-ki taýdan ulanylyşy, hyzmat edilişi we abatlanylyşy).

3. Elektronika, radiotehnika we ara-gatnaşyk ulgamlary (hünärler: sena-gat elektronikasy; mikroelektroni-ka we ýarymgeçirijili abzallar).

4. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ul-gamlarda dolandyryş).

II. Bakalawr maksatnamasy:

1. Maglumat howpsuzlygy (taý-ýarlygyň ugry: maglumat howpsuz-lygynyň menejmenti (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar). Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy bo-ýunça okuw) deňdir.

2. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygy).

3. Elektronika, radiotehnika we ara-gatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugry: infokommunikasion tehnologiýa-lar we aragatnaşyk ulgaml ary).

4. Elektrik we ýylylyk energetikasy (taýýarlygyň ugry: elektroenergetika we elektrotehnika).

5. Informatika we hasaplaýyş teh-nikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglu-mat-ölçeýiş tehnikasy we tehnolo-giýasy, programma inženerligi).

6. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: tehno logiki maşynlar we enjamlar).

7. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: energetika pudagynyň kärhanalarynyň ykdy-sadyýeti we dolandyrylyşy; buh-galterçilik hasaba alnyşy we audit (energetika pudagynda).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netij eleri bo-ýunça bäsl eşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aş-gabat we Arkadag şäherleri boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda) 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 15 — 28-i aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň ady-na ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalna-ma (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy gora-ýyş we derman senagaty ministrligi ta-rapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerin-den, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fo-tosurat;

— işleýänler üçin zähmet depder-çesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýe-ňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmä-ge isleg bildirýänler ýokarda görkezi-len resminamalar bilen birlikde, res-minamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusga-laryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşa-ýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) oku-wa kabul edilmek üçin artykmaç hukuk-dan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýl eki resminamalary görkezip bi l er.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Mary şäheri) aşak-daky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 2-si we 3-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri;

Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýy-nyň 4-i, 5-i we 6-sy günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 5- i, 6-sy we 7-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 6- sy, 7-si we 8-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

— taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (okuw-lar iňl is dilinde alnyp barlar) — matema-tika, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy;

— beýleki hünärler we taýýarlygyň ugurlary — fizika, matematika, Türk-menistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synag-lary Türkmenistanyň orta mekdepleri-niň okuw maksatnamalarynyň esasyn-da geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçilýän ders-den başga ähli okuw dersleri boýun-ça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bel-lenilen wagtda synaglara esassyz se-bäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synag-dan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli ge-çen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin ar-tykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere la-ýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň salgysy: Mary welaýaty, Mary ş., Baýramhan köçesi, 62, tel.: 5-75-17, 5-75-02.

Ýene-de okaň

Magistr-2024:Türkmen döwlet medeniýet instituty

Magistr-2024:Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Magistr-2024:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024