Talyp-2024

Talyp-2024: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

2024/2025-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; ykdysadyýet we hu-kuk; buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit; ykdysady howpsuzlyk; statistika; sanly ykdysadyýet; maliýe; bank işi; dünýä ykdysadyýeti; menejment; kärhananyň ykdy-sadyýeti we dolandyrylyşy; önümçiligiň yk-dysadyýeti we guralyşy (jemgyýetçilik iými-tinde); döwlet we ýerli dolandyryş; zähmetiň ykdysadyýeti; marketing; işewürlik-informa-tika; halkara söwda).

2. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýar-lygyň ugurl ary: maglumat ulgamlary we tehno-logiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi (ykdysadyýetde we dolandyryşda).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň ne-tijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şä-herleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazy l an arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der-man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (iş l än ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas-syklanan göçürmesi;

— okuw ders l eri boýunça mekdep okuwçy l ary-nyň döw l et bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşik-lere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmi-namanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bu l ardan başga-da, okuwa girmäge is l eg bildir-ýän l er ýokarda görkezi l en resminama l ar bi l en bir-likde, resminama l ary kabul edýän iş toparyna aşak-dakylary görkezýärl er we nusga l aryny tabşyrýarl ar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şa-hadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri;

Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýy-nyň 1-2-si, 3-i, we 5-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 8-i we 9-y günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 11-i, 12-si we 13-i gün l eri;

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri bo-ýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolan-dyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi (ykdysadyýetde we dolandyryşda)

— matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň beýleki ugurlary — matematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türk-menistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatna-malarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synag larynyň tertibinde bel l eni len wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synag l aryndan üstünlikl i geçen ýagdaýyn-da, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bi l im hakynda» Türkmenis-tanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., 1972-nji (Atatürk) köçe, 73, tel.: 48-62-89, 48-62-75.

Ýene-de okaň

Magistr-2024:Türkmen döwlet medeniýet instituty

Magistr-2024:Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Magistr-2024:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024