Talyp-2024

Talyp-2024: Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Kliniki lukmançylyk (hünärler: stomatologiýa, pediatriýa).

2. Saglyk baradaky ylymlar we keselleriň öňüni alyş lukmançylygy (hünärler: saglygy goraýyş-öňüni alyş işi; dikeldiş we sport lukmançylygy).

3. Harby lukmançylyk (hünär: bejeriş-öňüni alyş işi).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Kliniki lukmançylyk (hünär: bejeriş işi).

2. Farmasiýa (hünär: farmasiýa).

Uniwersitete umumy orta bilimden pes bolmadyk bin-ýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary, harby lukmançylyk ugruna — çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan 25 ýaşy dolýança erkek ra-ýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geç-ýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman sena-gaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüm-den) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döw-let bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaý-
lary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren da-laşgär ýokarda görkezilen resmi iş kagyzlaryndan başga-da:

— ene-atasynyň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan soňra Türkmenis-tanyň islendik künjeginde harby gullugy geçmekligine ra-zylygy baradaky dil hatyny;

— Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden berlen güwänamany;

— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünden berlen ýokary harby okuw mekdeplerine gir-ýänleriň lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasyny tabşyrýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünde gutarnykly güwä geçmesinden geçmek üçin hemişelik ýaşaýan ýerindäki psihonewrologiýa, narkologi-ýa, inçekesele garşy we deri-wenerologiýa hassahanala-ryndan, şeýle hem maşgala lukmanyndan sagaldyş gö-zegçiliginde durmaýandygy baradaky kepilnamalar zerur.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa kabul etmekligiň şert-leri baradaky goşmaça maglumaty Myrat Garryýew adyn-daky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resmina-malary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnama-syny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwer-sitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 31-i — aw-gust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 2-si we 3-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 8-9-y, 10-y we 11-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 12-si, 13-i we 14-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça biologiýa, himi-ýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň or-ta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärler beden taýýarlygy boýunça kadalary (möçberna-malary: (100 m, 3 km ylgamak; turnikde göwräňi çekmek) ýe-rine ýetirýärler.

Ýaşlaryň saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgit-lemek maksady bilen, olar patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synag-lara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşik-siz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— lukmançylyk orta okuw mekdeplerini tamamlan we saglygy goraýyş edaralarynda 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejele-nen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän da-laşgärler peýdalanýarlar.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58, tel.: 92-71-09.

Ýene-de okaň

Magistr-2024:Türkmen döwlet medeniýet instituty

Magistr-2024:Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Magistr-2024:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024