MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI
2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
1. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly mate-matika we informatika).
2. Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektro-nika; astronomiýa).
3. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
4. Himiýa (hünär: himiýa).
5. Ýeri öwreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; me-teorologiýa; ekologiýa).
6. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
7. Taryh we arheologiýa (hünär: arheologiýa).
8. Filosofiýa, etika we dini öwreniş (hünär: filosofiýa).
9. Ylahyýet (hünär: ylahyýet).
10. Syýasy ylymlar we sebiti öwreniş (hünärler: syýasaty öwreniş; Gündogary öwreniş).
11. Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (hünärler: türkmen dili we edebi-ýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).
12. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: žurnalistika).
II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly mate-matika we informatika).
2. Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika).
3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgam-lary we tehnologiýalary).
4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
5. Himiýa (hünär: himiýa).
6. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
7. Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).
8. Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (hünärler: türkmen dili we ede-biýaty; iňlis dili we edebiýaty, rus dili we edebiýaty).
9. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).
III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):
1. Sosiologiýa we durmuş işi (taýýarlygyň ugry: durmuş işi).
IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugur-lary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogi-ka bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary); pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary).
Uniwersitete umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bo-lan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglary-nyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrli-gi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşigi-niň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda gör-kezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş to-paryna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artyk-maç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminama-lary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaş-gär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 2-si we 3-i günleri;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 9-y we 10-y günleri; Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 11-12-si, 13-i we 14-i günleri; Ahal welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri; Lebap welaýaty — awgust aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günleri.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: hünärler: matematika; amaly matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary) — mate-matika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: fizika; astronomiýa; radiofizika we elektronika — fizi-ka, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy; hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy; hünärler: geografiýa; ekologiýa — geografiýa, biologiýa, Türkme-nistanyň taryhy;
hünärler: kartografiýa; meteorologiýa; taýýarlygyň ugry: peda-gogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary) — geogra-fiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: psihologiýa — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türk-menistanyň taryhy;
hünärler: taryh; arheologiýa; Gündogary öwreniş; syýasa-ty öwreniş; filosofiýa; ylahyýet; taýýarlygyň ugry: durmuş işi —
Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;
hünärler: türkmen dili we edebiýaty; žurnalistika — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
hünärler: iňlis dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: italýan dili we edebiýaty — iňlis dili, türkmen dili we ede-biýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: rus dili we edebiýaty — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: hukuk öwreniş — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mek-depleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Degişli dil boýunça geçilýän derslerden başga ähli okuw dersleri bo-ýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:
— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrun-dan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar (mugallymçylyk ugurly hünärlere girilen halatynda);
— hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi hem-de şol edaralaryň döwlet we
welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar;
— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnü-şinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31, tel.: 94-69-90, 94-54-29