Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomalш Rahmon söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherinde bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, geljegi we olary has-da ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Täjigistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini kanagatlanma bilen bellemek bilen, söwda, senagat, ulag we logistika, şeýle hem oba hojalyk ulgamy ýaly ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bu işi ilerletmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem sport we syýahatçylyk, ýaşlar, medeni hem-de ylmy-bilim alyş-çalyşlary arkaly medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirildi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti iki ýurduň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk etmekde Hökümetara toparynyň mundan beýläk-de işjeň işlemeginiň ähmiýetini nygtady.
Ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça yzygiderli döwletara gepleşikleri dowam etdirmek, şeýle hem halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek meseleleri barada peýdaly pikir alyşmalar boldy.
