Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda Arkadag şäherine baryp gördi. Bu ýerde Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, täze şäher türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň anyk netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri doganlyk Türkmenistanda häzirki zaman şäher gurşawyny döretmek boýunça baý tejribäniň toplanandygyny aýtdy. Munuň özi “akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda özara tejribe alyşmak hem-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Soňra Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy üçin Arkadag şäheri boýunça tanyşlyk gezelenji guraldy. Bu şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri häzirki zaman binagärlik we dizaýn ulgamynyň öňdebaryjy meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän şäheriň durmuşynyň ähli ulgamlaryna innowasion sanly tehnologiýalar ornaşdyrylandyr.
Premýer-ministr Kohir Rasulzoda Arkadag şäheri bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, bu ýere gelip görmegiň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny aýtdy.
Şeýle hem belent mertebeli myhman paýtagtymyzdaky “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyna bardy hem-de dürli ýurtlaryň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen seýilgähi synlady. Şol şahsyýetleriň hatarynda täjik şahyry Saýido Nasafi hem mynasyp orun eýeleýär.