SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täjigistanda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Täjigistanda täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Ol tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylar. Bu barada ýurduň Prezidenti tarapyndan degişli karara gol çekildi.

Bu resminama laýyklykda, sanjym işini geçirmek üçin hökümet derejesinde utgaşdyryjy topar döredildi. Ýurduň Saglygy goraýyş we durmuş goraglylygy ministrligine saglygy goraýyş merkezlerini koronawirus ýokanjyna garşy zerur bolan derman serişdeleri bilen öz wagtynda üpjün etmek tabşyryldy.

Täjigistan Respublikasynyň hökümetiniň ýanyndaky Din, däp-dessurlary we dabaralary utgaşdyrýan komitete Täjigistan Respublikasynda “COVID-19” ýokanç kesele garşy sanjym etmegiň ähmiýetini wagyz etmek işine gatnaşmak tabşyryldy.

Ýurduň paýtagty Duşanbe şäherindäki  “Istiklol” saglyk öýünde koronawirusa garşy sanjyma başlamak üçin resmi dabara geçirildi. Sanjym işi töwekgelçilikli toparlaryň arasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Nigeriýa 2 sany sanjym işläp düzdi

 

Ýene-de okaň

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy