BIZNES

Tailand Merkezi Aziýanyň bazaryna ymtylýar

2023-2027-nji ýyllar üçin bäş ýyllyk meýilnama düzen ýurduň Söwda ministrliginiň habaryna görä, Tailand 2027-nji ýyla çenli Aziýanyň öňdebaryjy 5 eksport ediji ýurtlarynyň birine öwrülmegi maksat edinýär.

“Bangkok Post” neşiriniň habaryna görä, Tailand Patyşalygy Merkezi Aziýada – Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda täze söwda bazarlaryny açmagy meýilleşdirýär.

Taýland bio we ýaşyl ykdysadyýet önümlerine (esasanam geljegiň iýmitleri, moda we stil, gaplama, saglyk we gözellik önümleri kategoriýalaryndan) awtoulaglar we awtoulag ätiýaçlyk şaýlary, gymmat bahaly daşlar we şaý-sepler, oba hojalygy tehnikasy, elektrik  we elektronika enjamlary ýaly önümleri bu sebitiň ýurtlaryna eksport etmek mümkinçiliklere garaýar.

Tailand, Singapur, Gonkong, Malaýziýa, Hytaý, Hindistan, Günorta Koreýa we Taýwandan soň söwda bäsdeşlik ukyby boýunça Aziýada sekizinji orunda durýar.

2022-nji ýylda Tailandyň eksporty 287 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, halkara söwdasynyň 1,24 göterimini emele getirip, dünýäde 24-nji orunda durýar.

Ýene-de okaň

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi