MEDENIÝET

Sýuançžou şäheri ÝUNESKO-nyň sanawynda

BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy ÝUNESKO tarapyndan Hytaýyň gündogaryndaky Fuszýan welaýatynyň Sýuançžou port şäheri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. “Sinhua” agentliginiň habar bermegine görä, bu barada degişli çözgüt ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras boýunça komitetiniň onlaýn tertipde geçirilýän 44-nji mejlisinde kabul edildi.

Hytaýyň Fuszýan welaýatynyň Fuçžou şäherinde geçirilen komitetiň mejlisinde başga-da birnäçe ugurlar boýunça hödürnamalar seredilýär.

Sýuançžou şhäeri Beýik Ýüpek ýolunyň deňiz ugry iri söwda portlarynyň biridir. Ol Sun dinastiýasy (960-1279) hem-de Ýuan dinastiýasy (1271-1368) döwründe uly ähmiýete eýe boldy.

Hytaý tarapy bu möhüm port şäherini Bütindünýä mirasyň sanawyna goşmak üçin X we XIV asyrlarda şäheriň esasy port şäherdigini subut edýän onuň düzümindäki 22 desga boýunça hödürnama taýýarlady.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawy 1978-nji ýyldan bäri taýýarlanýar. Onda adamzat üçin gymmatly sungat, taryhy we tebigy ýadygärlikler, deňiz desgalary bar. Hünärmenleriň pikiriçe, bir desganyň bu sanawa girizilmegi, adatça, syýahatçylyk akymyny we mahabatyny 200-300% ýokarlandyrmak arkaly amallaryndan gelýän girdejini artdyrýar. Sýuançžou şäheriniň goşulmagy bilen sanawdaky Hytaýyň desgalarynyň umumy sany 56-a ýetdi.

 

 

26-njy iýuldaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri