TEHNOLOGIÝA

Sürüjisiz ulaglaryň ýene-de biri tanyşdyryldy

Dünýä belli “General Motors” (GM) kompaniýasy “Cadillac” markasynyň uçýan görnüşini köpçülige görkezdi. Bu ulagyň täze görnüşi awtonom ýagdaýda sürüjisiz hyzmat berer.

Elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň önümçiliginden soňra awtomobil gurluşyk pudagynda sürüjisiz, awtonom görnüşde hereket edýän ulaglar üçin tehnologiýalar işlenip başlandy. Bu babatda ençeme kompaniýa iş alyp barýar.

Şeýle kompaniýalaryň biri hem “General Motors”  (GM) şereketidir. Bu kompaniýa hem dünýäniň iň abraýly “CES” halkara sarp ediş elektronika enjamlary sergisinde özüniň täze awtonom hereket edýän ulagyny görkezdi.

Beýik Britaniýanyň “Daily Mail” neşiriniň habaryna görä, bu ulag sagatda iň köp derejede 90 kilometr tizlige ýetip bilýär. Uçýan taksi hyzmatyny berjek ulag bir ýolagça niýetlenendir. Ulagyň haçan öndürilip başlanjakdygy heniz belli däl.

Bu ulagyň tanyşdyrylmagy kompaniýanyň paýnamasynyň 8,8 göterim artmagyna ýardam etdi.

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar