SPORT

“Super Liganyň” täze möwsümi başlaýar

“Super Liganyň” 2020-2021-nji ýyllaryň dowamynda geçiriljek täze möwsümi sentýabr aýynyň 11-ine başlar. Bu sene Türkiýäniň Futbol Federasiýasy bilen klublaryň arasynda geçirilen mejlisde karara gelindi. Karara laýyklykda, täze möwsümiň oýunlary şu ýylyň sentýabr aýynyň 11-ine başlap, 2021-nji ýylyň maý aýynyň 16-syna tamamlanar.

“Super Liganyň” 2020-2021-nji ýyllaryň dowamynda geçiriljek täze möwsümiň transfer we hasaba alyş işi awgust aýynyň 4-ine başlap, oktýabr aýynyň 5-ine tamamlanar. Täze möwsümiň ikinji transfer we hasaba alyş işiniň senesi heniz mälim edilmedi.

Related posts

Ýewropanyň Superkubogyny “Çelsi” gazandy

Dibala “Roma” toparynda oýnar

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy