SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Lukman maslahat berýär

Lukmanlar ýurdumyzda edermen babadaýhanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän gök we bakja önümleri ýygy-ýygydan iýmegi maslahat berýärler. Çünki peýdaly önümler adamyň immun ulgamyny güýçlendirýär. Şeýlelikde adam elmydama sagdyn hal-da bolýar. Ynha, biz hem şu nukdaýnazardan ugur alyp, gündelik metbugatda çap edilýän lukmanyň maslahatyny size ýetirýäris.

Sarymsak ir döwürlerden bäri ulanylýar. Ol ynsan saglygy üçin has peýdaly. Düzüminde ýokumlaryň dürli görnüşlerini saklaýar. Ýöne ony çeni bilen iýmeli. Sarymsak işdäaçarlara goşulsa has peýdaly.

Sogan ynsany sowuklamadan, tomsuna bolsa Gün urmadan goraýar. Ony çig, gowrulan, buglanan, gaýnadylan, haýsy görnüşde iýseň hem peýdaly. Sogan bedeniň garşylyk görkezijiligini pugtalandyrýar. Dem alyş ýollarynyň sowuklamasyna, gan basyşyň ýokarlanmagyna, witamin ýetmezçiligine garşy ulanylýar.

Üzüm. Bu önüm iýmit siňdiriş ulgamy üçin örän peýdaly. Ol böwrekleriň işjeňligini ýokarlandyrýar, bagry arassalaýar.

Gara üzüm bedendäki käbir öýjükleri täzeleýär. Ol adamyň gan basyşyny kadaly ýagdaýda saklamaga oňaýly täsir edýär

Nar. Turşumtyk, süýji tagamly nar köp adamlaryň söýgüli miweleriniň biridir. Naryň düzümindäki C witamini adamyň immuna ýagdaýynyň gurluşyna oňyn täsir edýär. Nardaky P witamini gan damarlaryňy berkidýär.

Ülje dişiň çüýremesiniň öňüni alýar. Bedendäki suw aýlanyşygy düzgünleşdirýär, bedeniň agyrylaryny aýyrmaga peýdalydyr

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi

Gülşat Bakyýewa: Syýahatçylykda azerbaýjanlylaryň tejribesinden peýdalanmak isleýäris

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi