DÜNÝÄ

Stambulda türkmen-türk hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda Baş konsul M.Öwezow bilen Stambulyň häkimliginiň halkara gatnaşyklary ugrunyň ýolbaşçysy Ýu.Barbaros Buýuksagnagyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň depginleriniň ýokarlanýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň geljeginde Konsullygyň hem-de Häkimligiň wekilleriniň arasyndaky duşuşyklaryň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň bilelikdäki işleriň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşleriň wajyplygy bellenip, taraplaryň özara aragatnaşyklary dürli ugurlarda ilerletmek boýunça başlangyçlara taýýardygy beýan edildi.

Şeýle hem M.Öwezow ikitaraplaýyn gün tertibindäki wajyp meseleler, şol sanda IT tehnologiýalar, bilim we medeniýet pudagyndaky iki taraplaýyn hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Bulardan başga-da, söhbetdeşler Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki medeni çärelerini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri