SPORT

Sportuň iň köp ýaýran görnüşiniň baýramçylygy

Şu gün sportuň iň köp ýaýran görnüşiniň baýramçylygy bellenýär. Dünýäde sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşiniň döredilen güni bellenilip geçilýär. Ol başgaça Halkara ping-pong güni hem diýilýär.

7 ýyl mundan ozal, 6-njy apreli – stoluň üstünde oýnalýan tennis güni hökmünde bellemek barada teklip edilipdi. Bu pikir giň goldawa eýe boldy.

Ping-pong – tutuş Ýer şarynda iň meşhur sport görnüşidir. Käbir maglumatlara görä, Aziýanyň ýaşaýjylarynyň ikiden biri bu sport bilen gyzyklanýar. Bu sportuň XIX asyryň ahyrynda Angliýada dörändigi mälim edilýär.

Häzirki wagtda sportuň bu görnüşiniň Halkara Federasiýasynyň düzümine köp sanly ýurt girýär. Ilkibaşda talyplaryň arasyndaky oýun hökmünde döräp, soňlugy bilen giňden ýaýran sport görnüşi boldy.

Stoluň üstünde oýnalýan tennisiň meşhurlygy diňe sanlarda däl, eýsem ony halaýan köp sanly dünýä liderleri hem bar. Fidel Kastro, Toni Bler, Mao Szedun, Ronald Reýgan şolaryň käbiridir. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew entegem bu sport bilen meşgullanýar. Ol syýasata girmezden ozal, Gazagystanyň Stoluň üstünde oýnalýan tennis federasiýasynyň ýolbaşçysy hem bolupdyr.

 

Dünýäniň iň ýaş operaçysy

 

Ýene-de okaň

Ronaldoly “Al-Nasr” bilen duşuşjak «Arkadag» topary düzümini güýçlendirýär

“Çelsi” topary Winisius üçin €150 milliondan gowrak teklip bermäge taýýar

Amorim “Mançester Ýunaýtediň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi

Abdukodir Husanow 2025-nji ýylda Aziýanyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen agyr atletikaçylaryndan 21 medal!

“Roma” Mohamed Salahy “Liwerpuldan” kärendesine alyp biler