Luçano Spaletti Italiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi boldy. Ozal “Napoli” we “Zenit” ýaly toparlara tälim beren Spaletti 1-nji sentýabrdab öz wezipe borçlaryna girişer.
64 ýaşyndaky hünärmen bilen 2026-njy ýylda dünýä çempionatynyň ahyryna çenli şertnama baglaşyldy.
13-nji awgustda Italiýanyň ýygyndysynyň tälimçisi Roberto Mançini öz islegi bilen bu wezipäni taşlady. Bu hem 2024-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň 10 aý öňüsyrasynda bolmagy hemmeleri haýran galdyrdy.
Mançini bilen Italiýanyň ýygyndysy ýeňilmezek duşuşyklary bilen hem meşhurlyk gazanypdy.
Luçano Spaletti geçen möwsümde “Napoli” toparyna tälim berip, 33 ýyldan soňra bu topary çempion etmegi başardy. Italiýaly hünärmen dynç almak maksady bilen toparyň baş tälimçiliginden gidipdi.
Italiýanyň milli çempionatynda 2022-2023-nji möwsümde iň gowy tälimçi adyny alan Spaletti UEFa tarapyndan hem iň gowy tälimçi derejesi üçin Pep Gwardiola we Simone Inzagi bilen bilelikde dalaşgär görkezildi.
