JEMGYÝET

Sowadyjydan ýakymsyz ysy nädip aýyrmaly

Käte sowadyjyda ýakymsyz ys peýda bolýar. Şeýle ýagdaýda sowadyjynyň içini boşadyp, ony arassalamaly. Ýakymsyz ys şonda-da aýrylmasa ýa-da ol ýene-de peýda bolar öýtse­ňiz, ysy aýyrmak üçin şu aşakdakylardan peýdalanyp bilersi­ňiz:

— arassalanan düýp soganyň ýarysy;

— tüwi däneleri;

— biraz suw garylan nahar sodasy;

— böleklenip, gaplara salnan limon;

— her ýerde bir bölegi goýlan gara çörek;

— apelsiniň gabygy (terligine);

— limon şiresine batyrylan mata bölegi;

— agzy açyk banka salnan täze üwelen kofe.

Sowadyjydaky ýakymsyz ysy di­ňe onuň içindäki iýmit däl-de, eýsem, ondaky suw akýan ýollaryň hapalanmagy hem döredip biler. Sowadyjydaky önümlere ýakymsyz ys çykmaz ýaly, käbir önümleri aýry-aýry tekjelerde, biri-birinden daşrak goýmaly. Şeýle hem täze önümleri sowadyjyda ýerleşdireni­ňizde, öň­küleri öňe, elýeter ýere süýşüriň. Şeýle edilende, olar zaýalanyp galmaz. Haýsy önümleri biri-birine golaý saklamaly däl?

— peýnir, ir-iýmişler, bakja önümleri;

— kakadylan önümler, peýnirler;

— büzmeçler, ir-iýmişler, bakja önümler;

— ýeralma, käşir, kelem, ir-iýmişler;

— sitruslar, bananlar.

Sagdyn iýmitlenmek üçin dükanlardan we bazarlardan satyn alýan önümleri­ňiziň saklanyş möhletine üns beriň, sowadyjyda goýlandan soň hem hemişe gözegçilik edip duruň. Bu makala «Türkmenistan» gazetiniň sahypasynda çap edildi.

 

Ýene-de okaň

BMG-niň Awazadaky forumynda žurnalistler üçin zerur şertler dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

Türkmenistan Ukrainanyň teleýaýlymynyň habaryna nägilelik bildirdi

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampa gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy