SIZDEN GELENLER

Şöhratly taryhymyza buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy türkmen topragynyň şöhratly taryhy, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni ýadygärlikleri çuňňur öwrenilip, halkymyzyň umumadamzat ösüşine goşan goşandy halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

Häzirki wagtda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, köp sanly taryhy ýadygärlikleri dikeltmek we öwrenmek işleri tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Ýagny gazuw-agtaryş, meýdan ylmy-barlag işlerini geçirmek, arheologik tapyndylary öwrenmek, ekspedisiýalary guramak we beýleki göz öňünde tutulan toplumlaýyn wezipeler, ylmy-amaly maslahatlar degişli maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Muňa dünýäniň alymlary bilen birlikde türkmen ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, ýaş hünärmenler hem işjeň gatnaşýar.

Häzirki döwürde türkmen halkynyň taryhyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Biziň topragymyzyň her bir daban ýeri ylmy barlaglar üçin gymmatly çeşme bolmak bilen, ýene-de näçe täsinlikleri özünde jemleýändigi doly mälim däl». Dogrudan-da, geçmiş taryhymyzyň açylmadyk syrly sahypalary örän köpdür.

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen şöhratly taryhymyzyň düýpli öwrenilmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, gadymy Amul Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen möhüm medeni merkez bolupdyr. Amul şäheriniň 2 müň ýyldan gowrak taryhy bar. Dogrudan-da, biziň eýýamymyzdan öň 145—86-njy ýyllarda ýaşan, «hytaýly Gerodot» adyna eýe bolan Syma Sýanyň köp jiltli «Şi szi» (Taryhy ýazgylar) kitabynda Amul şäheri ilkinji gezek ýatlanylýar.

Bilşimiz ýaly, heňňamlaryň we asyrlaryň syrly taryhyny özünde jemläp oturan Amul — häzirki Türkmenabadyň eteginde ýerleşýän diýseň uly orta asyr şäheridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Amul galasy hem türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriniň mekany bolup durýar.

Amulyň söwda-ykdysady aýratynlyklary barada Orta asyr alymlarynyň ýatlamalary aýratyn ünsüňi çekýär. Gadymy şäheriň taryhy we onuň Beýik Ýüpek ýolunyň ösmegine goşan goşandy barada arap taryhçysy Makdisiniň ýatlamalary has-da tolgundyryjy. Şol döwrüň meşhur alymlarynyň we syýahatçylarynyň bellemeklerine görä, Amul Mawerannahr bilen Horasanyň, Parfiýa bilen Horezmiň arasyndaky söwda ýollaryny birikdiripdir. Bu ýerde Hytaýdan, Hindistandan, Nusaýdan, Merwden, Köneürgençden, Buharadan, hatda Ýewropadan getirilen harytlaryň söwdasy guralypdyr. Amul Beýik Seljuklar döwletiniň hökümdary soltan Çagry begiň golastynda bolan döwründe ykdysady taýdan ösüşiň iň ýokary derejesine ýetýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň köp ugurlary Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli baryp, gadymy geçmişde we orta asyrlarda söwda gatnaşyklary we Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň arabaglanyşygyny üpjün etdi. Beýik Ýüpek ýolunyň has köp bölegi Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üstünden hem geçipdir. Hytaýyň ýüpegi, Hindistanyň hoşboýlary we gymmat baha tebigy reňkli daşlary we ençeme başga-da harytlar bilen ýüklenen kerwenler Garagumuň içinden Merwiň we Horezmiň jülgelerinden, Murgabyň we Amyderýanyň üstünden aşypdyrlar. Kerwenleriň ugrunda baý-baý şäherler, söwda-senetçilik ilatly ýerler, kerwensaraýlar, metjitler we medreseler gülläp ösüpdir. Şol wagtlardan galan ençeme taryhy ýadygärlikler bar. Olaryň arasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä taryhy ýadygärlikleriniň sanawyna giren gadymy we orta asyr binagärligiň merjenleri — Gadymy Nusaý, Köneürgenç we Gadymy Merw ýadygärlikleri bar. Diýarymyzda alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy taryh dikeldilýär, dürli etniki jemgyýetleriniň döreýşi we ösüşi, ykdysadyýeti, ýaşaýşy, medeniýeti şeýle-de özara medeni täsirleri we halkara hyzmatdaşlygy öwrenilýär.

Milli medeni mirasymyzyň ajaýyp nusgalary bolan binagärlik ýadygärliklerimizi abat saklamak, berkitmek, dikeltmek işlerine hem uly ähmiýet berilýär. Orta asyr binagärlik sungatynyň iň ýokary nusgalaryna laýyk gurlan arhitektura ýadygärlikleriň ençemesinde, şol sanda Mäne babanyň, Nejmeddin Kubranyň kümmetinde, Dehistandaky Juma metjidiniň peştagynda, Uly Gyzgalada we beýleki ýadygärliklerde ylmy esasda işlenip düzülen taslamalar boýunça rejeleýiş-berkidiş işleri alnyp baryldy. Rejelenip, ozalky durkuna getirilen bu ajaýyp binagärlik ýadygärlikleri jahankeşdeleriň we zyýaratçylaryň gelim-gidimli syýahatçylyk obýektlerine öwrülýär.

Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine doly laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilige, birek-birege bähbitli, deňhukukly gatnaşyklara esaslanýan parasatly daşary syýasaty ylym ulgamynda hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, türkmen alymlarynyň ylmy barlaglarynyň netijelerini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Selbinyýaz Mamedkulyýewa, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri