SIZDEN GELENLER

Şöhratly ganatym – bedew   


Türkmen halkynyň akyl-paýhasyndan dörän atşynaslyk sungaty – özboluşly aýratynlygy, eýeleýän orny, ýerine ýetirýän hyzmaty, bilen tapawutlanýan edebi mirasdyr. Halkymyzyň bedew atlara bolan hormaty, söýgüsi örän ýokarydyr. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda, bedewlerimiziň waspy dünýä ýaň salýar. Biz hem ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi – topar ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik:
Pygy aga sözümiň başynda sizi Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Mümkin bolsa atçylyga bolan höwesiňiz, bu babatda alyp baran ilkinji ädimleriňiz barada gürrüň beräýseňiz?     


Mähriban Arkadagymyz «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda  «At – türkmen üçin hemme zat. Bu geçmişde-de, şu günlerem şeýle» diýip belleýär. Elbetde at türkmeniň taryhy bilen gönümel baglanyşyklydyr.  Meniň durmuşym hem çagalygymdan bäri at bilen bagly. Özüm obada önüp ösemsoň at münmegi, at çapmagy çagalygymdan bäri höwes edýärdim. 16 ýaşymda orta mekdebi tamamlanymdan soň Türkmenistanyň at gazanan artisti, Maýa Kulyýewanyň ogly Batyr Annaýewiň halypalyk etmeginde Türkmenistanyň döwlet sirkiniň «Ýaş Türkmenistan» milli at üstündäki oýunlary toparynda artist wezipesinde işe başladym. Halypam maňa atyň üstünde oturmagy, at üstündäki milli oýunlary, onuň dürli tilsimlerini ussatlyk bilen öwretdi. 32 ýyl bäri şu sungat bilen meşgullanyp gelýärin.  Şu günki günlerde ýagny, Türkmenistanyň döwlet sirkinde geljekki türgenlere meniň özüm hem halypa-şägirtlik  ýoluny dowam etdirip,  bu sungatyň inçe syrlaryny öwredýärin we gadymdan gelýän at üstündäki milli oýunlarymyzy has-da kämilleşdirýäris.


­­– At bilen adamyň sazlaşygy, öz ilkinji münen atyňyz we üstünde başdan geçiren duýgylaryňyz, umuman ahalteke atlar baradaky pikirleriňizi hem biz bilen paýlaşaýsaňyz?
Türkmen öz atyna öz maşgala agzasy hökmünde garaýar. Atyna hemişe çaga sereden ýaly seredip ideg edip, oňa bolan söýgüsini, mährini görkezýär. At hem onuň mährini duýup oňa has ýakynlaşýar. Şeýlelikde, at bilen adamyň arasyndaky sazlaşyk emele gelýär.  Elbetde, ýatlasym gelýär Türkmenistanyň Döwlet sirkine gelip meniň ilkinji münen atym hem «Meleguş» diýen bir akýagyz mele atdy. Men hem ony özüme örän ýakyn görýärdim. Hatda şol atym gije ýatyrkam hem düýşüme girýärdi: «Meleguşum, Meleguşum. Berekella Meleguşum» diýip, düýşümde-de gürleýän ekenim. Türkmenlerimizde bir nakyl bar  «At çapanyňdan geçdik, eýeriň gaşyndan berk ýapyş» diýip, sebäbi, ata münülmänka  özüň hem fiziki taýdan taýýarlygyň gerek bolup durýar. Atyň üstüne müneňde gujurly, gaýratly bolmaklyk zerur bolup durýar. At – ol güýçli, çalasyn, duýgur jandar, ata münülende türkmende alarman, çaparman, batyr dogumly, gaýratly ýigitler göz öňüňe gelýär. Häzirki wagtda-da türkmeniň gadymdan gelýän seýisçilik sungatynyň, atlaryň ideg edilişiniň, iýmitlenilişiniň hem özüne mahsus aýratynlyklary bar. At çapyşyklarynda, uzagara at çapylanda ýörite seýisleniş usullar bolýar. Ynha biziň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň ýerine ýetirýän türkmeniň gadymdan gelýän milli at üstündäki oýunlarynda-da atlaryň seýislenilişi hersiniň        özüniň ideg ediliş aýratynlyklary bar. Atlara belli bir möçberde ölçegli gutujyklarda iým berilýär. Her bir atyň hem ýerine ýetirýän oýunlary, tilsimleri , olaryň üstüne iki-üç adam bolup münülip edilýän çykyşlar bar, şol çykyşlarda atlar agram görmezler ýaly aýaklaryna ýa biline şikes ýetmez ýaly hem köp türgenleşikler geçirilýär we iýmit taýdan hem şolar bekedilýär.
– Öz çagalaryňyzyň hem şu sungat bilen meşgullanmagyny isleýärsiňizmi?

–Elbetde, her bir sungat kiçijek başlangyçlardan başlanýar. Ýaş nesilleriň dowam etmeklerinde has hem kämilleşip nesilden-nesle geçip dowamat-dowam bolýar. Meniňem bu işimi öz oglum Serdar we kiçi gyzym Medine dowam etdirýär. Olar birnäçe halkara ýaryşlaryna gatnaşyp üstünlikli çykyş edýärler, bu hem meni örän buýsandyrýar we guwandyrýar.
 – Halkymyzyň baý medeni mirasyny, buýsanjy we şöhraty bolan ahalteke bedewlerimizi dünýä wagyz etmekde halkymyzyň söýgisini gazanan  «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary barada we durmuşa geçirjek meýilnamalaryňyzy aýdyp beräýseňiz!
– Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň 2007-nji ýylda döredip beren «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlary eýýäm birnäçe ýyllardan bäri köpleri haýrana goýýar. Häzirki wagtda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzda jemi 20 sany türgen we 20 sany atymyz bar.  Şu günki gün hem bu topar özüniň ajaýyp çykyşlary bilen dünýä ýaň salýar. Dünýäniň birnäçe döwletlerinde, halkara ýaryşlarynda çykyş edip 5 gezek ýeňiji bolmagymyz  hem milli Liderimiziň şu topara berýän hemaýatynyň, goldawynyň, ahalteke bedewlerine bolan çäksiz söýgüsiniň netijesidir. Ýene-de Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke atlary babatda amala aşyrýan işleriniň netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap aýlawlar, atçylyk-sport toplumlary gurlup ulanylmaga berildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň dürli tomaşalary hem diňe bir türkmen halkynyň  däl-de eýsem daşary ýurtlardaky tomaşaçylaryň hem söýgüsini gazanmagy başardy. Olardan: «Dutar we Akhan» tomaşasyny mysal getirip bolar. Ýagny munda iki aýagynda ýöremekde Ginnesiň rekordlar kitabyna giren hormatly Prezidentimiziň «Akhan» atly aty bilen toparymyzyň ýigitleriniň milli saz guralymyz bolan dutaryň kakuwly owazy bilen ýerine ýetirýän sirk tomaşasy hem ýatda galyjy çykyşlaryň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr. Biz hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýun toparynyň agzalary bolup, “Türkmenitan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda merjen şäherimiz Aşgabat şäheriniň şanly 140 ýyllygyna we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesini dabaraly bellemekde öňde goýan maksatlarymyzy amala aşyrmak boýunça ýokary dereje taýýarlyk görýäris. Bize şeýle bellenilýän toý baýramlarda, geçirilýän halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegimiz üçin ähli şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza öz hoşallygymy bildirýärin.
Pygy aga «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly ahalteke atlary ýakyndan synlamak meniň üçin  ýatdan çykmajak gowy pursatlaryň biri boldy. Bize mili gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň ýerine ýetirýän dürli oýunlaryny türgenleşik wagtynda maňa synlamaga mümkinçilik berenligiňiz üçin we aýdyp beren gyzykly, täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Size  alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýärin!  

– Sag boluň.
                                                            

                                         Söhbetdeş bolan: Merjen JUMAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

“Oskar” baýraklary: “Çarwadarlaryň mekany” filmi ýeňiş gazandy

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – sagdynlygyň şäheri

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys