JEMGYÝET

Sloweniýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musar Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl mynasybetli gutlady.
Bu gutlagda şeýle diýilýär: 
Şu ýyl Sloweniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl bolýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen 30 ýylyň içinde biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilendigini bellemäge şatdyryn.

Sloweniýanyň hem-de Türkmenistanyň halkara dialogy we umumy gymmatlyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy durmakda bilelikde üstünlikli hereket etmäge ukyplydygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Şu pursatdan peýdalanyp, Size we Türkmenistanyň ähli raýatlaryna parahatçylyk, abadançylyk, ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi