BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty: Talyp: 2021

Hormatly okyjylarymyz!

Biz Size ilki bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti baradaky maglumaty ýetirýäris. Yzygiderli tertipde ähli okuw mekdepleri boýunça maglumatlary aýratynlykda Size ýetireris.

Ähli ýokary okuw mekdepleri üçin resminamalar tabşyrmak boýunça maglumatlary almak üçin  ATAWATAN TALYP 2021 şu ýere basyň!

Ýokary okuw mekdepleri: Ähli habarlaryň jemlenen ýeri

 

SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET MUGALLYMÇYLYK INSTITUTY

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Matematika we mehanika (hünär: matematika).
  2. Fizika we astronomiýa (hünär: fizika).
  3. Himiýa (hünär: himiýa).
  4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
  5. Ýeri öwreniş ylymlary (hünär: geografiýa).
  6. Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).
  7. Bilim we pedagogika ylymlary (hünärler: başlangyç biliminiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).
  8. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; rus dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).

Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Matematika we mehanika (hünär: matematika).
  2. Fizika we astronomiýa (hünär: fizika).
  3. Himiýa (hünär: himiýa).
  4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
  5. Ýeri öwreniş ylymlary (hünär: geografiýa).
  6. Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).
  7. Bilim we pedagogika ylymlary (hünärler: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; zähmet we tehnologiýalaryň esaslary).
  8. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; rus dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty).
  9. Bedenterbiýe we sport (hünär: bedenterbiýe).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat şäheri) we Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si, 3-i günleri ;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si, 8-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 12- 13-i we 14-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünär: fizika — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: matematika — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: geografiýa — geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: taryh — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; zähmet we tehnologiýalaryň esaslary — türkmen dili we edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: türkmen dili we edebiýaty — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünär: rus dili we edebiýaty — rus dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: iňlis dili we edebiýaty — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: hytaý dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty — hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: bedenterbiýe — umumy fiziki taýýarlygyň tassyklanan möçbernamasyny ýerine ýetirmek, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;

— orta sport mekdebini tamamlan ýokary derejeli türgenler (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

— 2017 — 2021-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

— 2017 — 2021-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy: Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7,

tel.: 32550, 30418.

Her bir ýokary okuw jaýlary boýunça resminama tabşyrmak üçin maglumatlary aýry habarlar görnüşinde saýtymyza iň gysga wagtda ýerleşdireris.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Talyp 2021: Okuwa kabul edişlik başlaýar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy