SPORT

“Sewilýa” – 6 gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi

Ispaniýanyň “Sewilýa” topary Ýewropa ligasynyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň finalynda Italiýanyň “Inter” toparyny 3:2 hasabynda utup, bu kubogy 6-njy gezek eýeledi. 6 gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi bolan “Sewilýa” topary bu ugurda rekord goýdy.

Bu duşuşyk örän çekeleşikli boldy. Birinji ýarymyň 5-nji minutynda belgiýaly hüjümçi Romelu Lukaku 11 metrlik jerime urgusyndan “Inter” toparyny öňe geçirdi. 12-nji minutda “Sewilýa” Lýuk de Ýonguň goly bilen hasaby deňledi we 33-nji minutda ýene şol futbolçynyň geçiren goly bilen “Sewilýa” öňe geçdi.

35-nji minutda “Inter” Godiniň goly bilen hasaby deňledi. Hasap 2:2 boldy. Duşuşykda “Sewilýa” toparyna hem ýeňşi hem-de kubogy getiren goly 74-nji minutda Diego Karlos öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, “Sewilýa” topary Ýewropa ligasynyň kubogyny 6-njy gezek gazandy. Mundan ozal, bu topar 2006-njy, 2007-nji, 2014-nji, 2015-nji hem-de 2016-njy ýyllarda bu kubogy eýeledi. Ispan topary soňky 15 ýylda bu kubogy gazanmak ugurndaky ýaryşda 6 gezek finala çykdy hem-de 6-synda-da ýeňiş gazandy.

Mälim bolşy ýaly, 2008/09-njy ýylyň möwsümine çenli bu ýaryş UEFA Kubogy diýlip atlandyrylan bolsa, şondan soňra Ýewropa ligasy diýlip atlandyryldy.

Ýene-de okaň

Ronaldoly “Al-Nasr” bilen duşuşjak «Arkadag» topary düzümini güýçlendirýär

“Çelsi” topary Winisius üçin €150 milliondan gowrak teklip bermäge taýýar

Amorim “Mançester Ýunaýtediň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi

Abdukodir Husanow 2025-nji ýylda Aziýanyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen agyr atletikaçylaryndan 21 medal!

“Roma” Mohamed Salahy “Liwerpuldan” kärendesine alyp biler