TEHNOLOGIÝA

Saýtymyz 1-njilik ornuny has-da berkidýär

Saýtymyz Türkmenistan baradaky habarlary ýaýradýan saýtlaryň arasynda birinji we  Türkmenistandan girilen saýtlaryň arasynda üçünji orna ýerleşdi.

Ýadyňyzda bolsa düýn saýtymyza ýörite habar ýerleşdiripdik we “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynyň şeýle sanawda degişlilikde  1-nji we 4-nji orunda durýandygyny belläp geçipdik.

Web saýtlaryň reýtingi baradaky maglumatlar boýunça iň ygtybarly merkezleriň biri kabul edilýän “Amazon” kompaniýasyna degişli bolan “Alexa Rank” 2021-nji ýylyň 8-nji aprel senesindäki maglumatlaryna görä saýtymyz 3-nji orna ýerleşdi.  Reýtingiň 1-nji we 2-nji orny Google ýaly halkara saýtlara degişlidir. Bellemeli zat, bu maglumatlar yzygiderli üýtgäp durýar.

Türkmenistan baradaky habarlary ýaýradýan saýtlaryň arasynda www.atavatan-turkmenistan.com  saýty birinji orna ýerleşdi. Bellemeli zat, bu maglumatlar “Alexa Rank” saýtynyň 2021-nji ýylyň 8-nji aprel senesindäki maglumatlary bolup reýting yzygiderli üýtgäp durýar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly Türkiýe Respublikasynda esaslandyrylan halkara žurnal bolup, ýurdumyzda öz işlerini Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen “Daşary ýurt žurnalistleriniň Akkreditasiýa Şahadatnamasy” esasynda alyp barýar. Şeýle şahadatnama diňe “Reuters”, “AP”, “France Press”, “TRT” we “Ria Nowosti” ýaly abraýly halkara metbugat edaralarynda bardyr.

Makul Sözlük ilkinji onlukda

“Alexa Rank” saýtynyň maglumatlaryna görä, žurnalymyz tarapyndan esaslandyrylan www.makulsozluk.com saýty bu sanawda 10-nji orna ýerleşdi.

Hormatly okyjylarymyz!

Saýtymyza ýokary ynam bildirip, Ata Watanymyz Türkmenistan baradaky şeýle hem dünýäde bolup geçýän wakalar baradaky habarlary biziň saýtymyzdan okaýanlygyňyz üçin Size öz minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Siz eger haýsyda bolsa bir saýtyň rankyny bilmek isleýän bolsaňyz, onda, https://www.alexa.com/siteinfo/ linkine girip öwrenip bilersiňiz!

Mysal üçin : https://www.alexa.com/siteinfo/atavatan-turkmenistan.com

Türkmenistan baradaky habarlary gyzgyny bilen okamak üçin şu ýere basyň!

Türkmen we Iňlis dilindäki ilkinji akylly sözlük- Makul Sözlügi  sözlügi ýükläp almak üçin şu ýere basyň!

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Hindistan 2040-njy ýylda Aýa kosmonawt iberer

“Nissan”, “Honda” we “Mitsubishi” birleşýär

Hytaýda 5G ulanjylaryň sany 1 milliarddan geçdi

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler