JEMGYÝET

Saud Arabystanynda türkmen halylarynyň dükany açylar

Ýakyn geljekde Saud Arabystany Patyşalygynda türkmen halylary satylýan ýöriteleşdirilen dükanyň açylmagy mümkin. Şeýle hem Patyşalygyň işewürleri türkmen gelin-gyzlarynyň elinden önýän ajaýyp senedi has köp mukdarda import etmäge isleg bildirýärler. Bu barada dostlukly döwletiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Hut şonuň üçin hem Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky ilçisi Halid bin Faýsal Al-Sehliniň ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ýolbaşçylary bilen geçiren wideoduşuşygynda hut şu meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda saud tarapynyň Türkmenistanda öndürilýän dokma önümlerine hem uly isleg bildirýändigi aýdyldy. Pagta öndürmekde dünýäde 10-njy orny eýeleýän Türkmenistanda munuň üçin baý mümkinçilikler bar.

Taraplar türkmen we saud işewürleriniň arasyndaky duşuşyklary ýygylaşdyrmak barada hem ylalaşdylar. Şunda iki döwletiň Söwda we senagat edaralarynyň paýyna uly wezipeler düşýär.

«Türkmenhowaýollarynyň» nobatdaky ýörite uçuşy amala aşyryldy

 

 

Ýene-de okaň

Roseniýor «Çelsiniň» baş tälimçisi boldy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Las-Wegasda “CES 2026” başlady: “Atavatan Media” 30-dan gowrak ýörite söhbetdeşlik geçirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Şweýsariýa gynanç bildirdi

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi