SIZDEN GELENLER

Şaşka barada gyzykly maglumatlar

Şaşka gyzykly we tolgundyryjy tagta oýny hasaplanýar. Şaşka  barada gyzykly maglumatlary şu makalada getirmegi makul bildik.

  1. Şaşka oýuny gadymy döwürlerden bäri meşhurdyr ( Onuň Gadymy Müsürde barlygynyň subutnamasy bar).
  2. Bilermenler şaşka oýnunyň Alkirk oýnundan (Mawritaniýada) dörän bolsa gerek diýip çaklaýarlar. Oýnuň Iki tarapynda 12 çöp ulanylýardy we bir düzgün bardy – başga biriniň şekilini almak üçin onuň üstünden “bökmeli”.
  3. 1591-nji ýylda şaşka baradaky ilkinji kitap Ispaniýada neşir edildi. Ýöne 1547-nji ýylda Ispaniýada hem şaşka oýnuna bagyşlanan işler barada maglumat bar. Emma bu kitap ýitipdir.
  4. Şaşka boýunça ilkinji çempionat 1847-nji ýylda geçirildi. Şondan bäri bu sportda yzygiderli ýaryşlar geçirilýär.
  5. Şaşka oýnamak ukyby rysar biliminiň möhüm bölegi bolupdyr.

6.Moskwa şaşka oýnunda iň güýçli şäher hasaplanylýar. Moskwadaky bazarlaryň biri yzygiderli şaşka janköýerlerini ýygnanýan ýeri hasaplanylýar.

Taýýarlan: Aganazar Halykow, Türkmen döwlet oba hojalyk institutynyň weterinariýa hünäriniň IV ýyl talyby

Ýene-de okaň

Saglyk ömrüň girewidir

Mekdep okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirilýär

Täze ýylyň şatlygy-döwrüň bagtyýarlygy

Türkmen Bitaraplygynyň nobatdaky beýany

Bitaraplyk – asudalygyň nusgalyk ýoly

Türkmen Bitaraplygy – köňülleriň buýsanjy

Ata Watan Eserleri