Tebigy antibiotik hasaplanýan sarymsak özüniň birnäçe dermanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Sarymsagyň özüne mahsus ýiti tagamyny we ysyny onuň düzümindäki efir ýaglary emele getirýär. Hatda Lukman Hekim hem köp keselleri bejermekde sarymsak iýmegi maslahat beripdir. Ony gowrup iýseň, aşgazany berkidýändigini, suwuny içseň, sarygetirmäni hem dep edýändigini belläpdir. Sarymsak işdäni açýar, iýmit siňdiriş fermentleriniň bölünip çykmagyny güýçlendirýär.
Sarymsak adamyň bagryndaky hapalary arassalamaga kömek edýär. Bagyr bedeniň esasy süzgüç organydyr, ýöne mümkinçilikleri çäksiz däl. Çalt iýmit, şeýle hem ýagly tagamlar, şeker we sintetiki maddalary öz içine alýan gaýtadan işlenen iýmitler bagryň işini bökdäp bilýär. Toksinler ýa-da hapalar bagyry basyp başlanda, ýadawlyk, ýürek bulanma, çişme we içege näsazlyklary ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda bagyry arassalama kömek edýän önümleriň biri hem sarymsakdyr.
Bu bagryň işleýşini gowulandyrýar. Hünärmenler, ýaşyň ulalmagy bilen bedeniň glutation öndürmek ukybynyň azalýandygyny we derejesini ýokarlandyrmagyň ýönekeý we täsirli usulynyň iýmit sanawyna sarymsak goşmakdygyny aýdýarlar.
Sarymsak iýmegiň iň gowy usuly näme. Ony çig iýmek has peýdaly, iýmezden ozal ony kesmeli ýa-da ezmeli – bu gök önümiň peýdaly birleşmelerini çykarmaga kömek edýär.
Sarymsagyň düzümindäki kalsiý süňkleriň hem-de dişleriň sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Şeýle-de onda köp mukdarda mikroblary we bakteriýalary gyryjy maddalar — fitonsidler bar. C, D, B, P toparlarynyň witaminleri bedeniň kesele garşy göreşijiligini berkidýär. Sarymsagyň dişjagazyny birnäçe minutlap çeýnemek agyz boşlugyndaky bakteriýalardan saplanmaga ýardam edýär.
Dünýä boýunça sarymsagy iň köp hojalyk durmuşynda ulanýan döwletler Hytaý Halk Respublikasy, Koreýa Respublikasy we Italiýa hasaplanylýar. Bu döwletlerde ýaşaýanlar günüň dowamynda birnäçe sarymsagy iýýärler.
Gadymy Hindistanda sarymsakdan dürli melhemleri taýýarlapdyrlar.
Azyklyk ösümligiň bu görnüşi, hakykatdan hem, örän köp keselleriň bakteriýalarynyň ýaýramagynyň öňüni alýar.
Ogulbeg Hanowa, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.